Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Partlamada 17 adam öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda içinde hökümet resmileri bolan awtobusyň golaýynda bomba partladyldy. Partlamanyň netijesinde 17 adam öldi we başga-da 43 sanysy ýaralandy.

Bu waka anna güni Pakistanyň Çarsadda etrabynda ýüz berdi. Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugy, ýagny Radio Maşalyň habarçysynyň berýän maglumatyna görä, wakada 10 adam ýaralanypdyr. Ýaralananlaryň käbirleriniň ýagdaýy agyr bolup, olar häziriki wagt “Lady Reading” keselhanasyna ýerleşdirilipdirler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy alty jesediň keselhananyň meýithanasyna äkidilendigini görüpdir.

Henize çenli bu partlamanyň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG