Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri we Zarif duşuşdy


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (çepden birinji) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (sagdan birinji). 26-njy sentýabr, 2013 ý.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (çepden birinji) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (sagdan birinji). 26-njy sentýabr, 2013 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri, Eýranyň daşary işler ministri bilen ikiçäk gepleşikleri geçirenden soň, Tähranyň ýadro gepleşikleri boýunça täze tutumyndan göwnüniň hoş bolandygyny aýtdy.

BMG-niň Nýu-Ýorkda bolan Baş Assambleýasynyň sessiýasynyň çäginde penşenbe güni Kerri bilen Mohammad Jawad Zarifiň arasynda gysga wagtlyk duşuşyk geçirildi. Bu gepleşik 1979-njy ýylda amala aşyrylan Eýran Yslam rewolýusiýasyndan bäri ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky iň ýokary derejeli duşuşyklaryň biri boldy.

Duşuşykdan soň Kerri: “Men edil ýaňy onuň [daşary işler ministri Zarif] bilen duşuşdym. Biz şu hepdäniň başynda Baş Assambleýada prezident Barak Obamanyň çykyşy esasynda öňegidişligiň täze mümkinçilikleri barada pikir alyşdyk” diýdi.

Ýadro programma

Bu duşuşyk Eýranyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik bäş agzasy we Germaniýa bilen geçiren gepleşiklerinden soň boldy. Şonda Tähranyň dawaly ýadro programmasy maslahat edildi.

Kerri şol gepleşikleriň oňaýly geçendigini aýtdy. Zarif hem bu garaýşy goldap çykyş etdi: “Gepleşikler juda esasly we mazmunly geçdi. Biz meseläniň gysga wagtyň içinde pozitiw tarapa özgerjekdigine umyt edýäris. Biz bu çözgüdiň eýran halkynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilen ýadro tehnologiýalaryna bolan hukugyna esaslanar diýip tama edýäris. Şeýle-de munuň halkara jemgyýetçiliginde dartgynly ýagdaýlary döretmejekdigine umyt baglaýarys”.

Mundan soň Kerri ABŞ-nyň telewideniýesine beren interwýusynda Tähran ýadro ýaragyny özleşdirmeýändigini doly aýdyň edýänçä, Waşington tarapyndan girizilen sanskiýalaryň aýrylmajakdygyny aýtdy.

Kerri Eýranyň Kum şäheriniň golaýyndaky urany baýlaşdyrmak üçin niýetlenen Fordow merkeziniň BMG-niň inspektorlaryna açylmagynyň bu ugurda gowy başlangyç bolup biljekdigini hem belledi.

Tähran ýadro ýaragyny özleşdirmek babatynda Günbataryň özüne ýöňkeýän aýyplamalaryny dowamly inkär edip gelýär.
XS
SM
MD
LG