Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Siriýa boýunça rezolýusiýa kabul edildi


BMG-niň baýdagy
BMG-niň baýdagy
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi açyk ses berlişik arkaly, Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmek boýunça rezolýusiýanyň taslamasyny kabul etdi.

Rezolýusiýa eger-de Siriýa muny amala aşyryp bilmese, onda käbir netijeleriň döräp biljekdigini hem göz öňünde tutýar. Munuň anyk haýsy netijeler boljakdygy, Geňeşiň kabul etjek indiki rezolýusiýasyna bagly bolar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri: “Biz şu gije ählimiz birlikde, himiki ýaraglarynyň nirede, nähili şertlerde ulanylandygyna garamazdan, munuň halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp salýandygyny yglan edýäris. Munuň ozal hem adamçylygyň çäginden çykýandygy äşgär edilipdi. Halkara jemgyýeti hökmünde biz ejizleriň arkasyny tutmaga borçludygymyzy aýan etmelidiris” diýdi.

Mundan öň, ABŞ prezidenti Barak Obama BMG-niň rezolýusiýasyny “halkara jemgyýetçiliginiň uly ýeňşi” diýip atlandyrdy.

7-nji madda

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow eger-de haýsydyr bir tarap rezolýusiýanyň şertlerini berjaý etmese, Howpsuzlyk Geňeşiniň çäre görmäge taýýardygyny aýtdy.

Lawrow: “Bu [rezolýusiýa] Ženewada ABŞ-Russiýa maslahatynda gelnen ylalaşygy şöhlelendirýär. Ylalaşygyň şertleriniň berjaý edilmezligi we himiki ýaraglarynyň islendik biri tarapyndan ulanylmagy BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan içginden derňeler. Geňeş [BMG-niň] Çarteriniň 7-nji maddasyny ulanmagy hem göz öňünde tutar” diýdi.

Siriýanyň BMG-däki ilçisi Başar Jafari çykyş edip, Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Fransiýanyň, Kataryň we ABŞ-nyň rezolýusiýanyň şertlerine ygrarly bolmalydygyny aýtdy. Şeýle-de ol bu ýurtlaryň gozgalaňçylary goldan halatynda muňa jogap bermelidiklerini hem sözüne goşdy.

Şenbe güni ir bilen geçirilen ses berlişikden öň, ABŞ bilen Russiýanyň arasynda hepdelere çeken diplomatiki gepleşikler bolupdy.
XS
SM
MD
LG