Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bilen Rohani gepleşdi


Prezident Barak Obama Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen gürleşýär. 27-nji sentýabr, 2013 ý.
Prezident Barak Obama Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen gürleşýär. 27-nji sentýabr, 2013 ý.
Prezident Barak Obama Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen telefon arkaly gürleşendigini aýtdy. Bu soňky 30 ýylyň içinde ABŞ-nyň we Eýranyň liderleriniň ilkinji özara gepleşigi boldy.

Obama şeýle çykyş etdi: “Biz öňümizdäki duran kynçylyklara düşünýäris. Bu [telefon gepleşiginiň] 1979-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň we Eýranyň liderleriniň ilkinji gürrüňdeşligi hem aradaky uly ynamsyzlygy äşgär edýär. Emma şol bir wagtda, bu taryhyň agyr pursatlaryndan aýrylmaga itergi berýär”.

Obama ABŞ bilen Eýranyň Tähranyň dawaly ýadro programmasy dogrusynda özara ylalaşyga gelmeginiň mümkindigini hem belledi.

Obama: “Men çözgüt üçin esasyň bardygyna ynanýaryn. Eýranyň Ýokary ruhany lideri ýadro ýaragynyň özleşdirilmegine garşy fatwa yglan etdi. Prezident Rohani Eýranyň hiç haçan ýadro ýaragyny özleşdirmejekdigini äşgär etdi. Men hem Eýranyň berjaý etmeli borçlarynyň çäginde, eýran halkynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilen ýadro tehnologiýalaryna bolan hukugyna hormat goýýandygymy açyk beýan etdim” diýdi.

Rohaniniň hakyky “Twitter” hasaby hasaplanýan sahypada, onuň Obama “Günüňizi gowy geçiriň!” diýendigi, Obamanyň hem “Sag bol! Khodahafez (sag bol) diýip jogap berendigi aýdylýar.

Tähranda

Rohani bilen Obama anna güni gepleşik geçirdiler. Munuň yzy bilen Rohani Tährana tarap ugrady. Ol şu hepdäniň başynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka gelipdi.

Rohaniniň şenbe güni Tährana gelmegi dürli garaýyşlary döretdi. Onuň 300-e golaý tarapdary “Sag bol, Rohani!” diýip, gegyrdy.

Emma 60-a golaý aşa dinçi “Amerika ölüm”, “Ysraýyla ölüm” diýip gegyrdy. Rohaniniň ulag kerweni aeroportdan çykyp barýan mahaly, ulaga köwüş hem zyňyldy.

Rohani häkimiýet başyna geçen aý geçipdi. Ol Tähranyň dawaly ýadro programmasy sebäpli dörän dartgyпly ýagdaýlary gowşatmaga wada berdi. BMG-niň resmileri Tähran tarapyndan oňaýly yşaratlaryň bardygyny bellediler.

Günbatar döwletleri Eýranyň ýadro programmasyna dulanyp ýadro ýaragyny edinmeginden howatyr edýärler. Tähran özüne bildirilýän bu aýyplamalary inkär edip gelýär.
XS
SM
MD
LG