Sepleriň elýeterliligi

“Golden Dawn”-yň agzalary tutuldy


Gresiýalylar anti-faşist rep aýdymçysy Pawlos Fissasyň öldürilmegine protest geçirýärler. 25-nji sentýabr, 2013 ý.

Gresiýalylar anti-faşist rep aýdymçysy Pawlos Fissasyň öldürilmegine protest geçirýärler. 25-nji sentýabr, 2013 ý.

Şenbe güni Gresiýanyň polisiýasy ýurduň aşa-sagçy “Golden Dawn” (“Altyn Şapak”) partiýasynyň liderini, deputatyny başga-da agzalaryny tussag etdi. Olar anti-faşist bir rep aýdymçysynyň öldürilmegine dahylly bolmakda saklandylar.

Partiýanyň lideri Nikolas Mihaloliakos, metbugat wekili Ilias Kasidiaris, iki deputaty we başga-da 10 agzasy jenaýatçylyk toparyny esaslandyrmakda aýyplanýarlar.

Hepdäniň ahyrynda olara sud tarapyndan resmi aýyplama bildiriler.

Pawlos Fissas

Bu tussag etmelerden birnäçe gün öň, ýagny 17-nji sentýabrda çepçi aktiwist bir rep aýdymçysy Pawlos Fissas öldürilipdi. Onuň “Golden Dawn” partiýasynyň goldawçysy tarapyndan öldürilendigi çaklanylýar.

Bu jenaýaty amala aşyrmakda güman edilýän adama eýýäm aýyplama bildirildi. Onuň “Golden Dawn” partiýasy bilen gatnaşyklarynyň bardygy aýdylýar. Partiýa özüniň bu işe dahylynyň ýokdugyny öňe sürýär. Bu waka sebäpli Afinylarda gazaply protestler turupdy.

Gresiýanyň maliýe ministri Ýannis Stournaras şenbe güni amala aşyrylan tussag etmeleriň netijesinde “hiç hili durnuksyzlygynyň bolmajakdygyny” aýdyp, çykyş etdi.

Reaksiýalar

Afinylaryň köçelerinde ýerli ýaşaýjylar bu tussag etmelere reaksiýa görkezdiler. Nik Tzimas atly bir ýaşaýjy Fissasyň ölümine ilteşikli adamlaryň jeza çekmelidigini aýtdy: “Haýsy partiýa degişlidigine garamazdan, adamyň öldürilmegine ilteşikli ähli adam türmä basylmalydyr”.

Başga bir afinyly Nikos Walakis diňe bir “Golden Dawn” partiýasynyň wekilleriniň däl, eýsem beýleki parahor resmileriň hem jezalandyrylmalydygyny aýtdy. Ol: “Elbetde, eger-de olaryň günäsi subut edilse, olar türmä gidäýmeli. Emma adalat diňe bir ‘Golden Dawn’ partiýasynyň wekilleri üçin däl, ol ähli kişi üçin bir bolmaly. Halka ýalan sözlän, onuň puluny ogurlan ähli kişi tussag edilmelidir” diýdi.

Neo-Nasistik esaslary bolan “Golden Dawn” partiýasy 1993-nji ýylda esaslandyryldy. Ol parlamentiň düzümine 2012-nji ýylyň maýynda, sesleriň 7%-ni alyp, giripdi.

Partiýanyň meşhurlygy maliýe kynçylyklarynyň artmagy we migrantlara bolan oňaýsyz garaýyşlaryň güýçlenmegi bilen artyp başlapdy.
XS
SM
MD
LG