Sepleriň elýeterliligi

Gollandiýaly dizaýner täze smartfonyň gözleginde


Phonebloks proýekti

Phonebloks proýekti

Android ýa-da iPhone kysymly telefonlaryňyzyň soňky çykan görnüşlerini satyn almagyň aladasyny edýärsiňizmi? Gollandiýaly dizaýner bu babatda has gowy teklibiň ugruna çykypdyr.

Azatlyk Radiosy Phonebloks diýlip atlandyrylýan täze taslamanyň esaslandyryjysy, gollandiýaly dizaýneriň işine ýakyndan syn etdi. Onuň üstünde işleýän smartfony ömürlik boljakmyş.

Dünýäniň iň täze görnüşli smartfony entek bazara çykarylanok. Has dogrusyny aýtsak, entek beýle smartfonlar önümçilige-de girizilenok. Ýöne şonda-da eýýämden müňlerçe alyjylar şeýle telefondan birini edinesi gelýändigini aýdýarlar.

Bazardaky ýagdaýlar

Kiçijik websaýty we YouTube kanalynda ýaýradan birje sany wideosy bilen gollandiýaly dizaýner Deýw Hakkens smartfon bazaryny agdar-düňder edesi gelýär. Onuň täze taslamasynyň ady – Phonebloks. Täze taslamanyň düýp manysy – sarp edijilere öz el telefonlarynyň ätiýaç şaýlaryny (telefonyň ekranyny, ses guralyny, batareýini, kamerasyny, çipini we ş.m-ler) çalyşmaga mümkinçilik döretmek. Şaýlaryny çalyşmak bilen bir hatarda el telefonyň daşky keşbi öňküligine galar.

Has düşnükli aýdanymyzda, agzalýan täze telefony lego ýaly düzüp, gurnap bolar.

Hakkens bir topar ätiýaç şaýyny çalyşmaga mümkinçilik döredýän täze taslamany öňe sürmek bilen, elektron enjamlaryň zibilini azaltmagy we bahalaryň arzanladylmagyny göz öňünde tutýar. Ýagdaýyň şeýledigi barada Phoneblogyň YouTube kanalaynda ýaýradylan wideogörnüşinde giňişleýin gürrüň edilýär. Gürrüňi edilýän wideony häzire çenli 14.7 milliondan-da köp ulanyjy gördi.



“Her gün biz millionlarça elektronik enjamy könelişeni üçin zibillere zyňýarys. Aslynda, galan bölegi gurat işleýänem bolsa, telefonlarymyzyň diňe bir bölegi könelişeni üçin biz olary zyňmaly bolýarys. Telefonlar zyňylýar, sebäbi olaryň taslamasy ömürlik däl.”

Wideoda aýdylyşy ýaly, Phoneblogyň täze taslamasy sarp edijilere diňe özleriniň zerur şaýyny satyn almak bilen, olaryň telefonlaryny öz isleglerine görä gurnamaklaryna mümkinçilik döreder.

“Aýdaly, bu siziň telefonyňyz we siz hemme zady “cloud” (maglumatlary ykjam görnüşinde internet üsti bilen başga ýerde saklamak) sistemanyň üsti bilen edýärsiňiz, beýle bolsa, onda maglumat saklaýan guralyň ýerine has uly batareýa goýsaňyz hem bolar. Eger-de siz, ynha, şu oglan ýaly surat almagy halaýan bolsaňyz, onda kameraňyzy kämilleşdirip bilýäňiz. Ýa-da bu zatlaryň hiç haýsysy bilen gyzyklanmaýan bolsaňyz, onda siz telefonyňyzy ýönekeýleşdirip, hemme zadyň deregine onda has uly ses enjamyny ornaşdyryp bilersiňiz.”

Goldawçylar

Taslamany üstünlikli tamamlamak üçin Hakkense maýadarlar, programmaçylar we önümçilik pudagynyň işgärleri gerek bolar.

Hakkens goldaw tapmak we potensial bazaryň, ýagny alyjylaryň bardygyny görkezmek üçin “köpçülige ýüzlenmek” platformasy bolan “Thunderclap” platformasyny ulanýar. Bu platformanyň üsti bilen adamlar Facebook, Twitter we Tumblr sosial ulgamlaryndan baglanmak arkaly goldaw berip bilýärler.

Thunderclap platformasy Twitterde ýazylan şygarlary, Facebookda halanan we Tumblrde maslahat berlen maglumatlary ýygnap, ýokary derejede täsirli bolmak üçin olary yzygiderlilikde bir ugra ugrukdyrýar. Häzirki wagta çenli sosial ulgamlaryň üsti bilen taslamanyň 800,000-denem köp tarapdary 300 million adama maglumaty ýetirip, Phoneblok taslamasyna arka çykýar.

Agzalýan platforma 29-njy oktýabra çenli sosial ulgamlardan alýan goldawynyň gerimini giňelder.

“Bu telefona adamlaryň gyzyklanýandyklaryny görkezmek üçin bize siziň berjek sesiňiz zerur. Siz biziň websaýtymyzda sosial ulgamlardaky hasaplaryňyz arkaly kömek berip bilersiňiz. 29-njy oktýabrda biz özümizde jemlenen ses berişligiň netijelerini ýaýradarys. Biz tutuş dünýä ilatyna siziň sesiňizi ýetirip, gadyr-gymmata has mynasyp telefonyň bardygyny görkezeris.”

Bäsleşik

Analizçileriň pikirine görä, Phoneblogyň pikiri hiç neneň däl, ýöne häzirki bar bolan smartfon bazarynyň hötdesinden gelmek we häzirki bar bolan el telefon öndürijiler bilen ýaryşmak ýeňil bolmaz.

E-poçta arkaly geçiren gürrüňdeşligimizde San-Fransiskoda ýerleşýän simsiz senagat önümçiliginiň analizçisi Lori Lambert täze telefon taslamasyny “ajaýyp” diýip häsiýetlendirdi. Ol smartfonlaryň gymmat enjamlar bilen enjamlaşdyrylýandygyny öz sözüniň üstüne goşup, olary seýrek adamlaryň ulanmaga mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

Täze taslmanyň meşhurlyk gazanmagy onuň ele alnanda nähili duýgy oýarjagyna, nähili agyrlykda boljagyna we elimizden gaçyranymyzda nämeleriň boljagyna-da baglydyr. Analizçi öz sözlerini dowam etmek bilen ol täze taslamanyň oňyn işlemeginde öýjükli aragatnaşyk kärhanalary bilen ylalaşyga gelmek “aýratyn ähmiýetli” bolar diýdi.

Birleşen Ştatlaryň tehnologiýa önümçilik senagatynyň analizçisi Jeff Kagan Phoneblok barada “gowy oýlap tapyş” diýdi. Ýöne analizçi el telefon söwdasynyň ykdysady modelini üýtgetmegiň örän uly zähmet we gaýrat talap edýändigini aýratyn belledi.
XS
SM
MD
LG