Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistanda ýene ýer sarsdy


Şenbe güni Pakistanyň günorta-günbataryndaky, ozal hem ýer titremeden ejir çeken regionda täzeden ýer sarsdy.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, Bulujystan welaýatynyň Awaran etrabynda bolan tebigy hadysa 6.8 bala deň bolupdyr. Bu welaýatda sişenbe güni hem 7.7 bal derejesinde ýer titräpdi. Şonda 500-e golaý adam öldi.

Şenbe güni ýüze çykan wakada azyndan 10 adamyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG