Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tolokonnikowa keselhana geçirildi


Russiýada “Pussy Riot” pank toparynyň tussaglykdaky agzasy Nadeşda Tolokonnikowa açlyk yglan edenden bäş gün soň, türmäniň keselhanasyna ýerleşdirildi.

Tolokonnikowanyň adamsy Pýotr Werzilow aýalynyň özüni erbet duýanyndan soň, lukmançylyk bölümine geçirilendigini habar berdi.

Anna güni irden Tolkonnikowa türme sakçylarynyň onuň suwuny alyp gidýändiklerini aýdypdy. Türmäniň administrasiýasy bu aýyplamalary inkär etdi.

Tolokonnikowa Moskwanyň ybadathanalarynyň birinde prezident Putine garşy kinaýaly aýdym aýdandygy üçin, iki ýyl türme tussaglygy berilipdi.
XS
SM
MD
LG