Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Satylmaly çagalar azat edildi


Hytaýda satylmaly 90 töweregi çaga we iki aýal zamunlykdan azat edildi.

Ýerli medianyň maglumatyna görä, ýurduň 11 welaýatynda geçirilen operasiýalarda 301 töweregi adam tussag edilipdir. Çagalaryň haçan azat edilendigi barada anyk maglumat berilmedi.

Soňky döwür Hytaýda çagalaryň we aýallaryň ogurlanmagyna garşy alnyp barylýan çäreler güýçlendirildi.

Hytaýyň polisiýasynyň 2011-nji ýylda beren maglumatyna görä, soňky 2-3 ýylyň dowamynda ogurlanan 13 müň çaga we 23 müň aýal azat edilipdir.
XS
SM
MD
LG