Sepleriň elýeterliligi

188 türkmenistanly Haj zyýaratyna ugradylar


Musulman zyýaratçylary Käbede.

Musulman zyýaratçylary Käbede.

Şu ýylyň 8-29-njy oktýabry aralygynda Türkmenistandan 188 adam hökümet tarapyndan Saud Arabystanyna Haj zyýaratyna ugradylar.

Prezident G.Berdimuhamedow bu baradaky degişli buýruga anna güni, Türkmenbaşy şäheriniň aeroportynda Ministrler kabinetiniň göçme mejlisinde gol goýdy.

Prezident G.Berdimuhamedowyň permanynda “Türkmenhowaýollary” Döwlet kompaniýasynyň öz hasabyna “Boing-757” kysymly ýörite uçarda türkmenistanly bu zyýaratçylaryň Saud Arabystanyna saparyny gurnamalydygy aýdylýar.

Resmi maglumata görä, Berdimuhamedow Haj zyýaratyň üstünlikli geçmegi, adamlarda onuň bilen bagly “röwşen duýgularyň galmagy” üçin guramaçylara uly jogapkärçiligiň düşýändigini hem belläp geçipdir.

Şol bir wagtda, ynsan hukuklaryny goraýjy käbir toparlar Türkmenistandan Haj zyýaratyna gitmek isleýän dindarlaryň sanynyň her ýyl häkimiýetleriň görkezmesine laýyklykda çäkli ýagdaýda saklanýandygyny aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.

Gurban baýramy döwri dünýäniň dürli künjeklerinden Musulmanlar Mekkä gelip Haj zyýaraty bilen bagly ähli kadalary berjaý edýärler.

Türkmenistanda yslama uýýanlaryň aglabasy sünni musulmanlardyr.
XS
SM
MD
LG