Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Bulujystanda ýene ýer titredi


Ýer titremeden aman galan bir ýaşaýjy ot ýakyp otyr. Pakistan.

Ýer titremeden aman galan bir ýaşaýjy ot ýakyp otyr. Pakistan.

Şenbe güni Pakistanyň günorta-günbataryndaky, ozal hem ýer titremeden ejir çeken regionda täzeden ýer sarsdy. Wakada azyndan 10 adam öldi.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, Bulujystan welaýatynyň Awaran etrabynda bolan tebigy hadysa 14 km. çuňlukda ýüze çykyp, onuň güýji 6.8 bala deň bolupdyr. Bu welaýatda sişenbe güni hem 7.7 bal derejesinde ýer titräpdi. Şonda 500-e golaý adam öldi.

Şenbe güni bolan ýer titremäniň täsiri ýurduň günortasyndaky Karaçi şäherinde hem duýuldy.

Karaçi şäheriniň bir edara işgäri Atikur Rehman öýläne golaý ýüz beren sarsgynyň has hem güýçli bolandygyny aýdýar. Ol: “Men edarada öz işim bilen gümradym. 10-15 minutdan soň, meniň oturgyjym gymyldap başlady. Ilki men başym aýlanandyr diýip, pikir etdim. Soňundan meniň ähli kärdeşlerim daşary ylgap çykdy. Ýer gaty güýçli sarsýardy” diýdi.

Pakistanyň resmileri sebitde sişenbe güni bolan ýer titremäniň netijelerini aradan aýyrmak ugrunda heniz hem tagalla edýärdiler.

Awaran etrabynyň ýaşaýjysy öz duýgularyny şeýle beýan edýär: “Hiç zat galmady, biziň köwşümiz hem ýok. Ýaşamaga-da ýerimiz ýok. Ýer titreme birden peýda bolup, bir salymda ähli zady weýran etdi. Häzir howa hem gowy däl. Eger-de howanyň şertleri has ýaramazlaşsa, biz şonda näme etmeli? Biz nirä gitmeli?”.

Bulujystan welaýatynda bolan ýer titremäniň netijesinde 100 müňe golaý adam öýsüz galdy.
XS
SM
MD
LG