Sepleriň elýeterliligi

Publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň goşgulary.

Özüm hakda maglumat

Bilmeýänler bilsin, aňmaýan aňsyn,
Gözbaşy men dagdan inen bulagyň.
Tutluşdym, ýyksa-da guly bolmadym,
Garran göhert kibi gagal pelegiň.

Ötegçä ýol beren dag gädigi men,
Özge gaýasy bent bu gara dagyň.
Öňýetene lukma-şirin miwe däl,
Berdaşly köki men daş ýaran bagyň.

Äwmän, üç asyrlap ýaşan pyşdyl däl,
Näzik güle aşyk bilbilem däl men.
Gök joşa gelende “Hawun” ýetiren,
Ýyldyrym deý ýanyp-öçen bir hal men.

Akylly sözümden endişe tapar,
Nämährem ýel kibi ötegçi öýder.
…Aýdylmaly saýan zatlary aýtdym,
Galanny
Düşnene
Goşgulam aýdar.

Bürgüdiň ýazgydy

Diýýärler “Çyn bürgüt garran çagynda,
Gaýaň aşagynda pessaýlap ýörmän,
Özün gaýa urup bolýamyş gurban.
Dogrumy şu ahwal, dogrymy şu hal,
Gaýa deý gaýratly, buýsançly bürgüt?—
…Ejiz düşsem gel-de menem alyp git.

Biz kim

– Ir gidýär – diýýäris – ýagşylar mundan,
Adyn tutup her meýlisde, dogada.
Diýýäris: – Ýananyň sallary uzak,
Ýaman ir orulýar çendan, hegada.

Şeýdip sowduk nijäň üç-ýedi, kyrkyn,
Biz baky gölegçi, aýdýň-how, biz kim?
XS
SM
MD
LG