Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Sinaide bir esger öldürildi


Dartgynly Sinai ýarymadasynda müsürli bir esger atylyp öldürildi. Müsüriň resmileri çagyryş boýunça harby gullugy geçýän 22 ýaşly esgeriň Şeýh Zuwaýid şäherinde öldürilendigini mälim etdiler.

Häzir sebitde aşa dinçi söweşijilere garşy harby kampaniýa alnyp barylýar.

Bu aralykda şenbe güni internetde bir wideo ýazgy peýda bolup, onda söweşijileriň harbylara hüjüm edýän pursatlary görkezilýär. Soňky birnäçe günde Sinaidaky operasiýalarda ençeme esger we polisiýa işgäri öldürildi.

Müsürde 3-nji iýulda harbylar yslamçy prezident Muhammad Morsini häkimiýetden çetleşdirenden soň, söweşijileriň hüjümleri ýaýbaňlandy.
XS
SM
MD
LG