Sepleriň elýeterliligi

Gämi heläkçiliginde 28 adam öldi


Indoneziýanyň resmileri batan gämiden aman galanlary tapmaga umydyň az galandygyny aýdýarlar.

Indoneziýanyň we Awstraliýanyň degişli gulluklary bosgunlary daşap barýan bir gäminiň heläkçilige uçran ýerinde ýekşenbe güni hem gözleg-agtaryş işlerini geçirdiler. Emma halas galanlary tapmak çäreleri şowsuz boldy. Munuň netijesinde, 50 töweregi adam ýa öldi ýa-da dereksiz ýitdi diýlip hasaplanylýar.

Häzire çenli 21 adamyň, şol sanda ýedi çaganyň hem ölendigi tassyklandy. Aglaba yrakly, liwanly we eýranly bosgunlardan ybarat bolan ýolagçylardan diňe 28 adamy diriligine tapmak başartdy. Awstraliýa tarap barýan gämi anna güni batypdy.

Gämide anyk näçe adamyň bolandygy anyk belli däl. Indoneziýanyň resmileri ýolagçylaryň sanynyň 120-den hem aşa bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG