Sepleriň elýeterliligi

Peşewar: Partlamada 33 adam öldi


Pakistanda bazarda amala aşyrylan bomba hüjümlerinde azyndan 33 adam öldi, 80 töweregi hem ýaralandy. Bu barada ýerli resmiler maglumat berýärler.

Partlamalar Peşewar şäheriniň Kissa Khwani bazarynda ýüze çykdy.

Ýerli polisiýa resmisi ölenleriň arasynda alty çaganyň we iki aýal maşgalynyň hem bardygyny aýtdy.

Geçen hepde Peşewaryň hristian kilisesinde amala aşyrylan bomba hüjüminde 82 adam ölüpdi. Şeýle-de anna güni resmileri daşap barýan awtobus partladyldy. Şol wakada 18 adam öldi.
XS
SM
MD
LG