Sepleriň elýeterliligi

Şarif bilen Singh duşuşýar


Hindistanyň we Pakistanyň baýdaklary.

Hindistanyň we Pakistanyň baýdaklary.

Ýekşenbe güni Hindistanyň we Pakistanyň premýer-ministrleriniň duşuşyp, sammit geçirmeklerine garaşylýar.

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif we onuň hindistanly kärdeşi Manmohan Singh Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň sammitiniň çäginde duşuşarlar.

Bu Şarifiň geçen aý premýer-ministr saýlanandan bäri Singh bilen geçirýän ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygydyr.

Şarif duşuşygy “täze başlangyç” üçin mümkinçilik diýip atlandyrdy. Singh hem şenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasyda Şarifiň “beýanatyna goşulýandygyny” aýdyp, çykyş etdi.

Kaşmir meselesi

Emma ekspertler Singhiň garaşylýan netijeleri gowşanandygyny aýdýarlar. Iki resminiň duşuşygy Kaşmir sebitinde söweşijileriň amala aşyran hüjümlerine gabat geldi.

Singh anna güni Ak Tamda prezident Barak Obama bilen duşuşanda “terroryň düýbi Pakistanda bolmagyna galýar” diýip, belledi.

Singh bu beýanatyny şenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynda hem gaýtalady.

Hindistanyň premýer-ministri öz ýurdunyň Pakistan bilen bar bolan ähli düşünişmezlikleri çözmäge taýýardygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ol terror hüjümleri bilen bagly howatyrlaryny hem nygtap geçdi. Şeýle-de Singh öz hökümetiniň Kaşmir baradaky garaýyşyny beýan edip, bu regiony “Hindistanyň bölünmez bölegi” diýip, atlandyrdy.

Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlylyk öz gözbaşyny 1947-nji ýyldan bäri alyp gaýdýar.

Iki ýurt Kaşmir sebiti ugrunda iki gezek söweşdi.
XS
SM
MD
LG