Sepleriň elýeterliligi

Öňki ilçi ABŞ-Eýran gatnaşyklary barada


Ilçi Raýen Kroker

Ilçi Raýen Kroker

Ilçi Raýen Kroker öz döwürdeşleriniň arasynda Ýakyn Gündogar syýasaty boýunça iň tejribeli Amerikan resmileriniň biri hasaplanýar. Liwanda, Küweýtde, Siriýada we Pakistanda Waşingtonyň ilçisi hökmünde işläninden soňra 2007-nji 2009-njy ýyllar aralygynda tejribeli resmi Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky iň ýokary wekili wezipesinde işledi. 2011-2012-nji ýyllarda bolsa ol Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ilçisi wezipesinde zähmet çekdi.

Soňky bellenilen iki wezipesiniň dowamynda Kroker Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak üçin, hatda iki döwletiň hyzmatdaşlyk etmegi üçin hem tagallalar etdi.

Şu hepde Kroker Eýran meselesi boýunça Nýu-Ýorka, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasyna çagyryldy. Ol ýerde güýçli syýasatçy “Eýranyň ýokary wezipeli resmileri” bilen aýratyn duşuşdy.

Bu duşuşyk Eýranyň ýadro maksatnamasy barada diplomatiki çözgütler gözlenýän döwründe bolup geçdi. Azatlyk Radiosy häzirki wagtda Teksasyň A & M uniwersitetiniň Jorj Buş adyndaky “Döwlet we halka hyzmat” mekdebiniň dekany wezipesinde işleýän Raýen Kroker bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bu hepde Birleşen Milletler Guramasynda Eýran hepdesi boldy diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň we Eýranyň prezidenti Hasan Rohaniniň Baş Assembliýadaky çykyşlary ýygnagyň esasy üns merkezidi, ondan soňra Eýran bilen 5+1 ýygnagy geçirildi, ýygnakdan soňra Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawat Zarif duşuşdy. Siziň pikiriňizçe ýadro meseleleri boýunça häzirki wagtda ýagdaýlar nähili?

Ilçi Raýen Kroker: Bu oňat hepde boldy. Meniň pikirimçe eýranlylar bilen baglanyşykly nämeleriň edip boljakdygyny görkezmek babatda netijeli hepde boldy.

Indi biz mundan beýläk mümkin bolan çäreleriň görüp boljakdygyny ýa-da däldigini seljermeli. Eýran prezidentiniň çykyşy “özüne çekiji” häsiýetde boldy diýilýär. Meniň pikirimçe onuň çykyşy aýdylşyndan has artykmaç özüne çekiji boldy.

Ýöne görnetin bir ýagdaý bar, ýagny çykyşlardan soň ozal bolmadyk gatnaşyklaryň ýygjamlaşjakdygy äşgär boldy. Diýmek, häzir has maksadalaýyk howa bar, ýöne mundan beýläk hemme zat iş ýüzünde amal edilmeli.

Prezident Rohani özleriniň ýadro ýaraglaryny öndürmek maksatnamasynyň ýoklugy barada halkara jemgyýetçiligine kepil geçýändigini aýdyp, beren sözünde durmaly. Bu ýagdaý aýdyňlaşdyrylmaly.

Geçmişdäki ýüze çykan ynamsyzlyklary göz öňünde tutsak bu has çetin ylalşyklary talap edýär. Men Nýu-Ýorkda wagtym eýranlylaryň ýadro maksatnamalary bilen baglanyşykly Günbataryň aladalaryny kanagatlandyrmak üçin has göwnejaý teklip getirjekdikleri barada gürrüňler edýändigini eşitdim. Aýdan zatlaryny etjekdiklerine garaşyp göräýmek galýar. Diýmek, bu oňat başlangyç, ýöne diňe bir başlangyç.

Azatlyk Radiosy: Rohani bu hepde Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça eden gürrüňinde dünýäniň güýçli döwletleri bilen “3 ýa-da 6 aýyň dowamynda” ylalaşyga barmagy umyt edýändigini aýtdy. Şeýle-de ol ýadro gepleşiklerini tamamlamak üçin Eýranyň ýokary lideri Aýatulla Hameneýi tarapyndan özüne erkiň doly berlendigini aýtdy. Siziň pikiriňizçe Eýranyň bu derejä gelmegine näme sebäp boldy?

Ilçi Raýen Kroker: Prezident Rohani we ýurduň daşary işler ministri öz sözlerinde birnäçe gezek, sekiz ýyldan bäri eýran meselesi babatda halkara jemgyýetçiliginiňem Eýranyňam dogry ýolda bolmandygyny, hiç zadyň netijeli bolmandygyny aýtdylar. Men muny anyk eşitdim.

Ol başga bir aýdan sözünde bolsa: “Iki tarapyň hiç haýsysy hem özleriniň häzirki ýagdaýynyň sekiz ýyl mundan ozalky döwür bilen deňeşdirende has oňatdygyny aýdyp bilmez. Şonuň üçin indi täze bir ugry – iki tarapa-da peýdaly boljak täze bir ýoly synanyşyp görmegiň wagty geldi.”

Düşünişim boýunça, bu ýerde “iki tarapa-da peýdaly” diýmek bilen eýranlylar netijäni göz öňünde tutýarlar. Göz öňünde tutulýan netije hem - halkara jemgyýetçiligi Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmegi maksat edinmeýändiklerine doly ynanmaly, kanagatlanmaly. Öz gezeginde eýranlylar bolsa halkara normalarynyň talaplaryna laýyklykda parahatçylykly ýadro maksatnamalaryna dowam etmeli.

Azatlyk Radiosy: Siziň golaýda “The New Yorker” gazetine beren gürrüňiňiz, siziň we beýleki Amerikan resmileriniň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan terrorist hüjümlerinden soň Eýran bilen, Owganystany we Yragy gyzyklandyrýan mesele boýunça, gizlinlikde görüşendigiňize alamat ýaly bolup eşidildi. Indi siziň pikiriňizçe BMG-niň soňky ýygnagynyň bolmagy üçin Waşington bilen Tähranyň arasynda ýapyk gapyklaryň aňyrsynda näçeräk we nähiliräk duşuşyklar bolandyr öýdýärsiňiz?

Ilçi Raýen Kroker: Men açyk äşgär aýdýaryn. Agzalýan ýerlerde ilçi bolup işlän döwürlerimde, sentýabryň 11-däki hüjümlerden soň biziň Owganystan we Yrak barada Eýran bilen geçiren gepleşiklerimiz ne gizlindi, ne-de ýaşryndy. Gepleşikler döwlet tarapyndan tassyklanyp hüşgärlik bilen geçirlipdi.

Eger-de siz arhiwleri üns bilen barlasaňyz metbugatda we mediada olar barada agzalyp geçilendir. Ýöne media gepleşiklere aýratynlykda kän bir üns bermändigi üçin duşuşyklary ulaldyp görkezmediler. Men bu barada anyk, açyk we örän äşgär aýdýaryn.

5+1 ministrler ýygnagyny amala aşyrmak üçin hem elbetde öňünden ümsüm gepleşikler bolup geçendir. Sebäbi ýokary derejede beýle ýygnak birinji sapar geçirilýär, siziň hem çak edişiňiz ýaly döwlet sekretary Kerri bilen daşary işler ministri Zarifiň arasynda geçirlen duşuşyk öňünden gepleşilendir, diýmek ýygnaklara öňünden taýýarlygyň bolmandygyny aýtmak kyn bolar.

Aslynda ýagdaýyň şeýledigi hemmä açyk we äşgär, sebäbi bu gepleşikler iki prezidentiň özara hat alyşmagy bilen başlanypdy. Bu ýagdaý gizlin ylalaşyk däl bolsa gönüden-göni aragatnaşykdyr.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe häzirki döwürde Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda Siriýa meselesi babatda nähiliräk “hüşgär” gatnaşyklar we gepleşikler barka?

Ilçi Raýen Kroker: Bu barada men takyk bilemok. Ýöne Nýu-Ýorkda meniň gatnaşan gepleşiklerimde Eýran ýolbaşçysy Siriýa barada gürrüňler etdi. Ol Siriýa meselesi babatda halkara dünýä jemgyýetçiliginiň bilelikde hereket edip Siriýadaky “gorkunç ynsan ýitgisini” togtatmalydygy dogrusynda gürrüňler etdi.

Elbetde, himiki ýaraglary ulanmak meselesi boýunça eýranlylaryň pozisiýasy belli. Sebäbi olaryň hut özleri hem 1980-nji ýyllarda şeýle aýlygançlygyň pidasy bolupdylar. Men düýnki Birleşen Milletler Guramasynyň howpsuzlyk mejlisiniň himiki ýaraglar boýunça çykaran rezolýusiýasynyň taýýarlanmagynda eýranlylar hem öz aladalaryny beýan edendirler diýip garaşýaryn. Eger şeýle bolsa elbetde bu oňlarlyk ýagdaýdyr.

Azatlyk Radiosy: Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň gatnaşyklarynyň kadalaşmagy tutuş regiona nähili täsir eder? Bu ýagdaý Yrakda we Owganystanda nähili kabul ediler?

Ilçi Raýen Kroker: Men bu agzalýan ýurtlaryň ikisinde-de ilçi bolup işläpdim, iki ýurtda-da bu ýagdaý hoşallyk bilen garşylanar. Yraklylar köplenç özlerini Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasynda gysylan ýagdaýda ýaly duýýarlar.

Elbetde, yraklylaryň özleriniň taryhy bar, özleriniň Eýran bilen geçmişde bolan problemalary bar. Ýöne görnetin bir ýagdaý bar, ýagny Yragyň territoriýasynyň köp bölegi Eýran bilen araçäkleşýär.

Men arkaýyn, sebäbi öňler yraklylar bilen eden söhbetdeşliklerimizden çen tutsak Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklarynyň kadalaşmagy yraklylaryň durmuşyny ýeňleder.

Şol bir wagtyň özünde Owganystan barada aýdanymyzda – biziň eýranlylar bilen Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak barada gönüden göni eden gepleşiklerimizi Owgan häkimiýetleriniň hoşallyk bilen garşylaýandyklaryny gördük. Meniň pikirimçe, regionda has aladalanýan başga döwletler bar.

Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň gatnaşyklary kadalaşanda biz bu gatnaşyklary ysnyşdyrmak bilen regiony has durnuklylaşdyrmak üçin gaýrat edýändigimizi; Ysraýylyň, araplaryň ýa-da başgalaryň bu ýagdaý barada alada etmeli däldigini düşündirmeli bolarys.
XS
SM
MD
LG