Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz-özbek serhet resmileri duşuşdy


Gyrgyz we özbek resmileri Gyrgyzystanyň Oş welaýatynyň serhedinde ýerleşýän jedelli territoriýanyň töweregindäki dartgynly ýagdaýy maslahatlaşdyrlar.

Gyrgyz serhet gullugynyň metbugat wekili Sajida Çokoloýewanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, duşenbe güni geçirilen ýygnanyşyk Gyrgyzystanyň Aksy welaýatynda bolýan ýagdaýlary öz içine alýar.

Aksy etrabynyň ýerli ýaşaýjylary Gyrgyztelekomyň eýeçiligindäki ýerli radiogeçiriji enjamyň, ýagny elektromagnit tolkunlarynyň kömegi bilen radio gepleşigini berýän abzalyň ýanynda mundan birnäçe gün ozal özbek gümrük gullugynyň işgärleriniň peýda bolmagyna protest bildirip çykyş etdiler.

Protestçiler özbek gümrük gullugynyň işgärlerini hepdäniň ahyrynda jedelli territoriýadaky dagyň depesinde özbek milli baýdagyny galtgamakda aýyplaýarlar.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan bäri 1000 kilometr uzynlygyndaky gyrgyz-özbek araçäginiň 300 kilometri iki ýurduň arasyndaky jedelli territoriýa bolmaga dowam edýär.
XS
SM
MD
LG