Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Siriýa barada sözledi


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Damaska garşy harby zarbalary öjükdirmek üçin Siriýanyň oppozisiýasynyň gaýtadan himiki ýaraglary ulanmagyndan Moskwa alada edýär diýdi.

Duşenbe güni çap edilen “Kommersant” gazetine beren interwýusynda Lawrow 21-nji awgustda Damaskyň golaýynda Siriýa hökümetiniň himiki hüjümleri edendigi barada Waşingtonyň öňe sürýän pikirlerini goldaýan delilleriň Russiýa gelip gowuşmagyna garaşýandygyny aýdýar.

Russiýa himiki hüjümleri Siriýanyň söweşijileriniň amala aşyrandygyny öňe sürýär.

Şeýle-de, Lawrow geçen hepde Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa barada kabul eden rezolýusiýasy himiki hüjümleri Assadyň režiminiň edendigini aňlatmaýar diýip, oňa “gapma-garşylykly” sözleriň aýdylmaly däldigini aýdýar.

Lawrow Russiýa “torba içinde pişik satyn almaz” diýen kesgitlemäni belläp, Siriýadaky konfliktlerde himiki ýaraglary ulanan tarap “takyk kesgitlenenden” soň Moskwa Damaska garşy jeza beriş çäresiniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna razy bolar diýdi.
XS
SM
MD
LG