Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Partlamalarda 51 adam öldi


Duşenbe güni Yragyň paýtagtynda amala aşyrylan ulag partlamalarynda azyndan 51 adam ölüp, 100-den gowragy hem ýaralandy.

Ýurduň resmileriniň berýän maglumatyna görä, bu wakalar Bagdadyň şaýy musulmanlarynyň köpçülikleýin ýaşaýan sebitinde ýüze çykypdyr.

Söweşijileriň Yragyň merkezinde amala aşyran ençeme mezhebara hüjümleri netijesinde ýurtda sünni-şaýy musulmanlarynyň konfliktiniň gaýtadan möwjemeginden alada edilýär.

Mundan ozal 2006-2007-nji ýyllarda Yrakda sünni-şaýy musulmanlarynyň arasynda konfliktler bolup, şol döwür on müňlerçe adam ölüpdi.

Mundan bir gün öň, Bagdadyň günortasyndaky şaýy musulmanlarynyň metjidinde janyndan geçen bir söweşiji hüjümi amala aşyrypdy. Şol wakada 27 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG