Sepleriň elýeterliligi

Belarus: Aktiwistler sud ediler


Belarusda dört aktiwist tussaglykdaky oppozision syýasatçynyň suraty bilen bezelen maýkalary geýeni üçin sud ediler.

Aktiwistler Mikalaý Statkewiçe meňzeýän suratly maýkalary geýip, şenbe güni Minskde geçirilen marafona gatnaşandan soň tussag edildiler. Mikalaý Statkewiç öň prezidentlige dalaşgär bolupdy. Ol häzirki wagt türmede saklanylýar.

Aktiwistleriň biri Kiryl Žywalowiç tussag edilenden birnäçe wagt soň azatlyga goýberildi. Olaryň beýleki üçüsi heniz hem tussaglykda saklanýar.

Aktiwistleriň dördüsi hem resmi rugsat bolmazdan protest geçirmekde aýyplanyp, duşenbe güni sud ediler.

Awtoritar prezident Aleksandr Lukaşenkonyň 2010-njy ýylda gaýtadan prezidentlige saýlanmagynyň yzýany “köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamak” aýyplamasy esasynda Statkewiç alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG