Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Üç söweşiji öldürildi


Pakistanyň howpsuzlyk resmileri Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň zarbasy diýilip güman edilýän hüjümleriň ýurduň demirgazyk-günbatarynda söweşiji diýip aýdylýanlary nyşana alandygyny habar berýärler.

Duşenbe güni Weziristanyň demirgazygyndaky Datta Hel şäherinde bolan hüjümde söweşiji diýilip güman edilýän azyndan üç adam öldürildi.

Gürrüňi edilýän bu regionda uruş komandirleri Hafiz Gul Bahaduryň we “Hakkani” atly toparyň söweşijileri agdyklyk edýär.

Agzalýan iki topar hem goňşy Owganystanda NATO goşunyna garşy hüjümleri amala aşyrmakda güman edilýär.

Bu soňky günlerde pilotsyz uçarlaryň amala aşyrlan ikinji howa zarbasydyr. Ýekşenbe güni tire-taýpalar regionyna edilen hüjümlerde hem üç söweşiji öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG