Sepleriň elýeterliligi

Hindi we pakistan resmileri duşuşdy


Hindistanyň we Pakistanyň premýer-ministrleri jedelli Kaşmir regionyny ikä bölýän Kontrol liniýasyndaky ýowuzlyklary azaltmak üçin ylalaşdylar.

Hindi resmileri ýekşenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dowamynda Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifiň we Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singhiň birek-biregine söz berendigini habar beýär.

Hindistanyň milli howpsuzlyk gullugynyň maslahatçysy Şiwşankar Menon şeýle-de Şarifiň 2008-nji ýylda Mumbaýda bolan terrorçylykly hüjümler bilen ilteşikli ekstremistleri jezalandyrmak ugrunda "çäre görmäge" söz berendigini aýtdy. Şol hüjümlerde 166 adam ölüpdi.

Singh ýekşenbe güni geçirilen gepleşiklerden öň “terroryň özeni Pakistanda bolmaga dowam edýär” diýen kesgitlemäni aýdyp, duşuşykdan garaşýan tamalaryny mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG