Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ysraýyl-Eýran: Aşgabadyň "roly az bolar"


Ýakyn Gündogaryň geografiki kartasy

Ýakyn Gündogaryň geografiki kartasy

Ýekşenbe güni Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu dört günlük sapar bilen ABŞ-a bardy. Netanýahu saparynyň dowamynda “Eýranyň soňky gepleşikleri bilen baglylykda “hakykaty” aýan etmekçidigini" aýtdy.

Saparynyň dowamynda Netanýahu ABŞ-nyň prezidenti bilen duşuşar, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş eder. Şol bir wagtda-da, käbir habar serişdelerinde Ysraýylyň premýer-ministriniň Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem gepleşik geçirjekdigi barada maglumat peýda boldy. Netanýahunyň türkmen resmisi bilen gepleşik geçirip-geçirmändigi barada häzirlikçe hiç hili anyk maglumat almak başartmady.

Eýsem, Ysraýyl-Eýran dartgynly gatnaşyklarda Aşgabadyň nähili orny bar? Eýran bilen serhetde ýerleşýän Türkmenistanyň geosyýasy taýdan nähili ähmiýeti bolup biler?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen “Uruş we parahatçylyk maglumatlary” institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Jon MakLouda ýüzlenip, söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jon, ilki bilen Ysraýyl-Eýran gatnaşyklary nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň ähmiýeti barada gürrüň beräýseňiz? Aslynda Aşgabadyň bu ugurda nähili orny bar?

Jon MakLoud: Men Türkmensitanyň bu ugurda üýtgeşik bir orny hem ýokmuka diýip çaklaýaryn. Türkmenistan beýleki regional meseleler bilen has köp gyzyklanýar. Ol siziň agzap geçen “uly oýunlaryňyza” girmegi islemez. Aslynda Aşgabat “şu gepleşiklere goşulaýyn” diýse-de, muny başarmaz.

Men Türkmenistan bu meselede ne diplomatiki, ne-de başga bir manyda rol oýnap biler öýdemok.

Emma Türkmenistanyň Eýran bilen özara gatnaşyklara has köp üns berýändigini aýtsa bolar. Resmi Aşgabat Ahmadinejadyň ýa-da Rohaniniň hökümeti bolsun, tapawudy ýok, bu ýurt bilen gowy gatnaşyklary saklamagy maksat edinýär. Munuň, esasan, ykdysady-söwda sebäpleri bar. Şeýle-de Eýran harby taýdan güýçli we degişlilikde bir howply ýurt.

Garaz, Türkmenistan daşarky güýçleriň konfliktine boldugyndan gatnaşmajak bolýar. Ýadymyza salsak, ol Owganystan meselesinde hem başardygyndan çetde saklanjak bolupdy.

Azatlyk Radiosy: Siz Ysraýyl-Eýran gatnaşyklarynda “Türkmenistanyň uly rol oýnap bilmejekdigini” aýtdyňyz. Emma şol bir wagtda, ABŞ-a sapar edýän Netanýahunyň ol ýerde Raşid Meredow bilen hem duşuşmagynyň mümkindigi barada habarlar çykypdyr. Siz muňa näme diýersiňiz?

Jon MakLoud: Hawa, men gepleşikleriň mazmuny barada aýdyp bilmerin. Ýöne, belki-de, gürrüňdeşlikler diňe özara pikir alyşmak bilen çäklener. Meniň ýaňky belleýşim ýaly, men bu ugur boýunça Türkmenistanyň Ysraýyla näme hödür edip biljekdigini göz öňüne getiremok.

Aşgabadyň Eýran babatynda gaty möhüm aňtaw maglumatlarynyň bardygyny ýa-da onuň Ysraýylyň tarapyny tutup çykyş etjekdigini hiç çaklamaýaryn. Men türkmen resmileriniň Eýran bilen gatnaşyklary bozup biljek islendik ädimleri ädip biljekdigine ynanmaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Jon, bu meselede Türkmenistanyň bitaraplyk statusy nähili rol oýnap biler.

Jon MakLoud: Bu mesele barada gaty habardar bolmaly. “Türkmenistanyň bitaraplyk statusy” diýilýän zat, ozalky prezident tarapyndan oýlanyp tapylan bir zatdy. Men gürrüňi gidýän bu “bitaraplyk” statusy sebäpli, Aşgabadyň islendik bir dartgynly ýagdaýlarda sebitiň lideri bolup orta çykjakdygyny aýdyp biljek däl. Bu manyda Gazagystan has köp “bitaraplyk statusyna” eýerýän bolaýmasa.

Azatlyk Radiosy: Eger-de ýagdaýlar has dartgynlaşsa, resmi Aşgabat haýsy ýol bilen hereket etse, has amatly bolar?

Jon MakLoud: Onuň [Türkmenistanyň] edip biljek zady bolmaz. Onuň ne bir ägirt harby kuwwaty, ne-de bir güýçli diplomatiki täsiri bar.

Hawa, Eýranda köp etniki türkmen ýaşaýar. Türkmenistan olar barada alada edäýmeli ýaly bolup görünse-de, Aşgabat olary goramak üçin hiç tagalla etmez. Ol diňe ýurduň içi bilen başagaý.

Sebitde Türkmenistanyň hakyky manyda, berk goldawçylary hem ýok. Ähli gatnaşyklar aram derejede diýen ýaly.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG