Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan reformalary öňe sürýär


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan, Ankara, 30-njy sentýabr, 2013.
Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan, Ankara, 30-njy sentýabr, 2013.
Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan adam hukuklaryna degişli köpden bäri garaşylýan reformalary teklip etdi.

Erdogan hökümet tarapyndan “demokratik toplum” diýlip atlandyrylan reformalar barada duşenbe güni Ankarada geçiren metbugat konferensiýasynda çykyş etdi. Ol muny “taryhy pursat we wajyp tapgyr” diýip atlandyrdy.

Käbir teklipler kürtleriň we ýurduň beýleki azlyklarynyň hak-hukuklary bilen bagly ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilýär.

Kürtleriň hukuklary

Erdoganyň sözlerine görä, teklip edilen reformalarda döwlete degişli bolmadyk mekdeplerde düzgünleriň türk dilinden başga dillerde-de ýöredilmegine rugsat bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, Erdoganyň sözlerine görä, syýasy partiýalaryň parlamentiň düzümine girmekleri boýunça bar bolan 10% çäklendirmeleriň 5% çenli azaldylmagy, ýa-da doly ýatyrylmagy mümkin.

Erdoganyň aýtmagyna görä, şäherlere türk atlaryna derek kürt atlarynyň berilmegine-de rugsat edilip bilner.

Kürtler tarapyndan goldanýan “Parahatçylyk we Demokratiýa” atly syýasy toparyň egindeş başlygy Gultan Kisana metbugat konferensiýada öňe sürlen reformalar parahatçylyk prosesine itergi bemek üçin ýeterlik däl diýip belledi.

Brýusselde, Ýewropa Bileleşiginiň ýaýbaňlanmak boýunça komissiýasynyň metbugat wekili Stefan Fuýele Ankaranyň teklip edýän reformalarynyň ençeme wajyp meselelerde öňegidişlik gazanmak üçin ýol açýandygyny belledi.

Teklip edilýän reformalaryň tomusky dynç alyşdan gaýdyp gelen parlament tarapyndan sişenbe güni maslahat edilmegine garaşylýar.

Bu reformalara kürtler bilen baglanyşykly parahatçylyk prosesiniň barşynda möhüm ädim hökmünde hem garalýar. Türkiýäniň hökümetiniň we kürt gozgalaňçylarynyň arasynda 30 ýyla golaý wagtlap dowam edýän konflikt onlarça müň adam ýitgisine sebäp boldy.

Kurtler özleriniň Türkiýäniň ilatynyň 20%-ini emele getirýändiklerini aýdýarlar.

Şu aýyň başynda kürt gozgalaňçylary Demirgazyk Yrakdaky bazalara edýän hüjümlerini gowşatmakdan ýüz öwürýändiklerini mälim etdiler we Türkiýäniň hökümetini kürtleriň hak-hukuklaryny gowulandyrmak boýunça berýän wadalaryny durmuşa geçirmek üçin ýeterlik çäre görmezlikde aýypladylar.

Rejep Taýyp Erdoganyň reformalar baradaky çykyşyna kürtler tarapyndan entek reaksiýa bildirilmedi.

Syýasy planlar we başatgyçlar

Bu reformalaryň Erdoganyň syýasy geljegi üçin ähmiýetine hem aýratyn üns berilýär. Geljekki iki ýylda ýurtda ýerli we umumy derejelerde, şeýle-de, prezidentlik wezipesi ugrunda saýlawlaryň geçirilmegine garaşylýar.

Erdogan Türkiýäniň döwlet edaralarynda aýallaryň yslam dinine laýyklykda başatgyç atynmaklaryna gadagançylygyň ýatyrylmagynyň hem planlaşdyrylýandygyny mälim etdi.

Şol bir wagtda-da bu täze düzgünler ýurduň adalat sistemasynda we harby edalarynda işleýän zenanlara degişli bolmaz.

Musulman ilatly, emma dünýewi döwlet bolan Türkiýede döwlet edaralarynda işläýän zenanlaryň egin-eşiklerine degişli çäklendirmeler uzak wagt bäri saklanyp gelýär.
XS
SM
MD
LG