Sepleriň elýeterliligi

Pensioner: "Jaýymyz dar"


Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki goşmaça jaýlar ýykylýar.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki goşmaça jaýlar ýykylýar.

Mundan birnäçe hepde ozal Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki pristroýkalaryň, ýagny goşmaça jaýlaryň we agaçlaryň ýykylýandygy barada habar beripdik.

Adynyň efirde tutulmazlygyny soran Aşgabat şäheriniň 6-njy kiçi etrapçasynyň ýaşaýjysy 72 ýaşly pensioner zenan ýaşaýyş jaýynyň öňündäki goşmaça jaýlar ýykylandan soň, 37 kwadrat metrlik ýaşaýyş jaý meýdanynda alty adam bolup ýaşaýandygyny aýdýar.

Pensioner zenan pristroýkalary ýykylmazdan ozal hem jaaýynyň meýdanynyň dardygyny we bu barada kömek sorap ýolbaşçylara hem arza bilen ýüzlenendigini, emma arzasyna jogap alyp bilmändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň 72 ýaşly pensioner zenan bilen geçiren söhbetdeşligini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG