Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Iki general pensiýa çykaryldy


ABŞ-nyň harby deňiz pehotasy iki generaly pensiýa çykmaga mejbur etdi. Bu şol generallaryň işinden boşadylmagy hökmünde häsiýetlendirildi. Gürrüňi gidýän ýokary derejeli harbylar Owganystandaky bir harby bazany “Talyban” hereketiniň hüjüminden gorap bilmänlikde aýyplandylar.

Harby deňiz pehotanyň ýolbaşçysy general Jeýms Amos beýanat ýaýradyp, onda general-maýor Çarles Gurganusyň we general-maýor Gregg Sturdewantyň Helmand welaýatyndaky Bastion berkitmesini “goramak üçin talaba laýyk çäreleri görmändiklerini” belledi.

Amos bu iki generala pensiýa çykmagy teklip etdi, olar hem muňa razylyk berdiler.

2012-nji ýylyň sentýabrynda amala aşyrylan hüjümde ABŞ-nyň iki esgeri öldürildi we ýedi işgäri ýaralandy. Bu wakanyň netijesinde millionlarça dollarlyk zyýan hem ýetdi.

Şol wakada “Talyban” hereketiniň 14 söweşijisi öldürildi, biri hem ele salyndy.
XS
SM
MD
LG