Sepleriň elýeterliligi

Abdullah owgan prezidentligine dalaş eder


Owganystanyň prezidentligine Hamid Karzaý bilen bile dalaş eden Abdullah Abdullah indiki ýyl geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna hem gatnaşar.

Abdullah sişenbe güni Kabulda Garaşsyz saýlaw komissiýasy tarapyndan hasaba alnandygyny aýtdy.

Owganystanyň nobatdaky prezidentlik saýlawlary 2014-nji ýylyň 5-nji aprelinde geçiriler.

Ozalky daşary işler ministri esasy oppozisiýa toparyna – Owganystanyň Milli koalisiýasyna – ýolbaşçylyk edýär. Ol 2009-njy ýylda geçirilen saýlawlarda Hamid Karzaýyň esasy garşydaşlarynyň biridi. Emma ses galplyklarynda aýyplanyp, ol ses berlişigiň birinji tapgyrynda çetleşdirilipdi.

Duşenbe güni ýurduň ozalky maliýe ministri Aşraf Ghani hem saýlawlara gatnaşmaga meýillidigini mälim edipdi.

Karzaý iki möhlet prezidentlik edendigi sebäpli, bu saýlawlara gatnaşdyrylmaz.
XS
SM
MD
LG