Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Ruhanylar gepleşige çagyrýar


Pakistanda dini kadalary berk berjaý edýän ruhanylaryň bir topary hökümete we “Talyban” hereketine ýüzlenip, özara gepleşiklere başlamaga çagyrdy.

Ýurtda sünni dini mekdeplerini dolandyrýan Wifaqul Madaris topary hökümet bilen “Talyban” hereketiniň biri-birine garşy durmagy “graždanlyk urşuna çalym edýän” ýagdaýdygyny aýtdy.

Topar iki tarapyň gepleşiklerine araçylyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Mundan bir gün öň, Pakistanyň dartgynly demirgazyk-günbatar sebitinde bir ulag partlamasy amala aşyrylyp, şol wakada azyndan 42 adam ölüpdi. Bir hepde ozal bolsa, Peşewar şäheriniň hristian kilisesinde janyndan geçen söweşijileriň hüjüminde 82 adam heläk bolupdy. Peşewardaky hüjümiň jogapkärçiliginiň Pakistanyň “Talyban” hereketine degişli bir topar öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG