Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Rus diwiziýasy taslamasyna seredildi


Täjigistanyň parlamentiniň aşaky öýi ýurtda rus harby kontingentine 2042-nji ýyla çenli galmaga ygtyýar berýän taslamany kabul etdi.

Sişenbe güni Täjigistanyň goranmak ministri Şerali Hairulloýew deputatlaryň öňünde çykyş edip, bu taslamanyň ýurtda we beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin zerurdygyny aýtdy.

Gürrüňi gidýän taslama indi parlamentiň ýokarky öýi sereder. Bu baradaky ylalaşyk 2012-nji ýylda Duşenbe şäherinde prezidentler Wladimir Putin we Emomali Rahmon tarapyndan baglaşylyody. Muňa görä, 2014-nji ýylda öz güýjüni ýitirmeli, 1993-nji ýylda gol çekilen resminamanyň möhleti uzaldylýar.

Täjigistana Russiýanyň 201-nji diwiziýasynyň 7 müňden gowrak esgeri bar.
XS
SM
MD
LG