Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: “Işiň bölekleýin togtadylmagy” näme?


Kapitoliniň Senat ganaty. Waşington.

Kapitoliniň Senat ganaty. Waşington.

Amerikaly kanunçykaryjylar hökümetiň işleriniň maddy üpjünçiligi dogrusyndaky jedelli kanun taslamasyny kabul edip bilmediler. Amerikan hökümeti agzalýan taslama boýunça ylalaşyga gelmezden, işini bölekleýin togtatmaly boldy. Amerika nädip bu derejä geldi we “işiň bölekleýin togtadylmagy” diýmek näme diýmek?

Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň edýän işleriniň maddy üpjünçiligi dogrusyndaky kanun taslamasynyň Respublikan we Demokrat kanunçykaryjylary tarapyndan kabul edilmegine birnäçe sagat galanynda, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama hökümetiň işleriniň togtadylmagynyň we hökümetiň pul karz almagy baradaky howsalaly jedelleriň bütindünýä ykdysadyýetini howp astynda goýandygyny aýdyp, duýduryş bilen çykyş etdi.

“Biz bütindünýä ykdysadyýetiniň we dünýäniň finans ulgamynyň esaslandyryjylarydyrys. Biziň pul birligimiz dünýäniň esasy pul birligidir. Bize onuň bilen oýun etmek bolmaz. Şeýle-de biz býujet bilen baglanyşygy bolmadyk içki syýasatymyzyň meseleleri bilen öz ykdysadyýetimizi hem-de dünýäniň ykdysadyýetini howp astynda goýup bilmeris.”

Biziň bu derejä nädip düşenimize içgin syn edeliň.

Oňşuksyzlygyň sebäbi näme?

Wekiller palatasynda agdyklyk edýän respublikanlar 1-nji oktýabrdan başlap güýje girjek täze saglyk elýeterliligi baradaky karar bilen ylalaşmadylar. “Obamakeýr” hem diýip atlandyrylan bu täze saglyk taslamasy her bir amerikan raýatynyň saglyk ätiýaçlandyryşynyň bolmagyny talap edýär.

Munuň işe girizilmegi üçin bolsa tölegi ujypsyz meýilnamalary durmuşa geçirýärler. Respublikanlar ilkibaşda “Obamakeýr” taslamasynyň maddy üpjünçiligini kesip, ony togtatjak boldular.

Ýöne Obamanyň partiýasy bolan Demokratik partiýa tarapyndan dolandyrylýan Senat saglyk ätiýaçlandyrmalary babatdaky täze karara üýtgeşiklik girizilmegini kabul etmedi. Şeýdibem tutuş kanun taslamasy ret edildi.

Respublikanlar geçen hepde ”Obamakeýriň” bir ýyl yza süýşürilmegini we käbir goşmaça düzedişleriň gizirilmegini teklip etdiler. Olar hepdäniň soňunda bu taslama geçdiler.

Ýöne Senatyň demokratlary kanun taslamasynyň respublikanlar tarapyndan zaýalanandygyny aýdyp, respublikanlaryň teklibini göz öňünde tutmadylar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:00-da, Waşington wagty bilen aýdanymyzda ýary gije, Ak tam senatyň tassyklamagy bilen federal agentliklere býujet edaralarynyň togtadylmagyny tabşyrdy.

Beýle ýagdaý ozal bolupmydy?

Hawa, 1995-1996-njy ýyllarda şeýle ýagdaý 28 günläp dowam edipdi. Ýurduň şol wagtky prezidenti Bill Klinton Kongresden respublikanlaryň özüne getiren kanun taslamasyny ret edipdi. Bill Klinton respublikanlaryň teklibindäki bilim, daşky gurşawy goraýyş we pensionerleriň saglyk ätiýaçlandyryşyna edilýän tölegleriň derejesi bilen ylalaşmandygy üçin bu taslamany ret edipdi.

Hökümetiň işi bölekleýin togtadylsa näme bolar?

Ýagdaýdan iň köp zyýan çekjekler Birleşen Ştatlaryň federal hökümetiniň gullukçy işgärleri bolar. Hökümetiň 2 million sany işgärinden 1.2 millionyna işe gitmezlik tabşyrylar we olar aýlyk almazlar. Hökümet üçin zerur bolan işçiler, mysal üçin türme sakçylary, ýol gözegçilik işgärleri, serhetçiler we azyk haryt barlagçylary öz işlerini dowam ederler, ýöne olara hiç hili töleg tölenmez.

Birleşen Ştatlaryň harby goşunlaryna iberen wideohabarynda Obama amerikan esgerlerine tölegleriň wagtynda tölenjekdigi barada karara gol çekendigini aýtdy. Obama Owganystanda we beýleki ýerlerde Amerikanyň [harby] operasiýalarynyň dowam etjekdigini aýtdy.

“Häzirki wagtda ýerine ýetirilýän harby operasiýalara, mysal üçin Owganystandaky edýän işlerimiz, dowam ediler. Eger siz kynçylyk çekýän bolsaňyz, size öz missiýaňyzy berjaý etmek üçin zerur bolan zatlaryň üpjün ediljekdigine kepil geçýäris. Size aýlyk haklarynyň wagtynda tölenjekdigi baradaky taslama Kongresden geçdi, men hem oňa gol goýýaryn. Bu işiň saklanmagy ýagdaýa, size we siziň maşgalalaryňyza hiç hili täsir etmez.

Uruş weteranlary, maýyplar, pensionerler we garyplar hökümetden alýan kömek puluny almagy dowam ederler.

Milli seýilgähler işgärleriň ýoklugy üçin ýapylar. Daşky gurşawy goramak agentligi ýaly federal agentlikler ýapylar. Pasport, wiza we migrasiýa hyzmatlary yza süýşüriler.
XS
SM
MD
LG