Sepleriň elýeterliligi

Reşit Meredow BMG-de çykyş etdi


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow BMG-niň 68-nji sessiýasynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etdi. Reşit Meredowyň BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda esasy üns howpsuzlyk we durnuklylyk meselesine syrygdy.

Meredow Türkmenistanyň bu sessiýa dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň möhüm tapgyry hökmünde garaýandygyny mälim etdi.

Meredow howpsuzlyk meselesinde BMG-niň Düzgünnamasynyň we prinsipleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýandygyny, parahatçylygy döretmek prosesine aktiw gatnaşýandygyny we güýç ulanmaklyga çürt-kesik garşy çykyş edýändigini nygtady.

Wideo: R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär



Reşit Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda Türkmenistanyň prezidentiniň BMG-de halkara meselelerini çözmekde syýasy-diplomatik gurallary ulanmak boýunça deklarasiýany kabul etmekligi hödürländigini ýatlatdy we munuň ähmiýetlidigini belläp, Baş Assambleýanyň häzirki sessiýasynyň çäginde bu inisiatiwany jikme-jik maslahat etmäge çagyryş bilen ýüzlendi.

Meredowyň sözlerine görä, Türkmenistan özüniň bu inisiatiwasynyň kabul edilmeginiň Baş Assambleýanyň işiniň ylalaşyk-kanunçylyk binýadyny güýçlendirilmegine, Howpsuzlyk Geňeşiniň işine we BMG-niň parahatçylyk hem howpsuzlyk boýunça beýleki edaralarynyň işine ýardam berip biljegine ynanýar.

Şeýle-de Türkmenistan 2014-nji ýylda Aşgabatda ýaragsyzlanmak boýunça ýokary derejede halkara duşuşygyny geçirmegi teklip edýär.

Reşit Meredowyň sözlerine görä, Türkmenistan regionl derejede döwletara gatnaşyklaryň netijeliligini ösdürmek üçin hem inisiatiwa bilen çykyş edip, Merkezi Aziýada parahatçlyk we hyzmatdaşlyk forumyny döretmegi teklip edýär.

Energiýa howpsuzlygy

Türkmenistan energiýa howpsuzlygynyň ähmiýetini aýratyn nygtaýar. Meredow energiýa howpsuzlygynyň dünýä ykdysadyýetiniň durnuklygynyň bir bölegi bolup durýandygyny bellemek bilen, eksport meselesiniň global derejedäki ähmiýetini we bu ugurdan BMG-niň ähli agza döwletleriniň sazlaşykly işleşmeginiň zerurlygyny nygtady.

Türkmenistan bu ugurdan täze halkara kanuny guraly zerur diýip hasap edýär.

Meredowyň agzan tekliplerine görä, energiýa göterijileriniň halkara söwdasynda döreýän gatnaşyklar üçin kanuny esas bolup biljek – BMG-niň köptaraplaýyn dokumenti kabul edilmeli, bu dokumentiň berjaý edilmegine gözegçilik edýan edara döredilmeli we ýurtlaryň öz borçlaryny ýerine ýetirişine syn edýan halkara informasion baza düzülmeli.

Reşit Meredow Türkmenistanyň inisiatiwasy bilen şu ýylyň maý aýynda BMG tarapyndan energiýa göterijileriň tranzitiniň durnuklylygy boýunça rezolýusiýa kabul edilendigini bellemek bilen, Baş Assambleýanyň häzirki sessiýasynda energiýa howpsuzlygynyň täze mehanizmlerini döretmek üçin halkara ekspetler toparyny esaslandyrmagy we şeýle-de Aşgabatda ekspertleriň halkara maslahatyny geçirmegi teklip etdi.

Aşgabat duşuşyklaryna çakylyk

Meredowyň sözlerine görä, Türkmenistan transportyň we kommunikasiýanyň ösüşine ähmiýet berýär hem-de 2014-nji ýylda Aşgabatda transport tranzit ýollarynyň halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekdäki roly boýunça halkara konferensiýany geçirmegi teklip edýar.

Meredow Türkmenistan tarapyndan ähmiýet berilýän meseleleriň arasynda ekologiýany we tebigaty goramak meselesini hem belledi. Hususan-da, onuň sözlerine görä, Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça edilýän halkara tagallalara öz goşandyny goşmaga taýýarlyk bildirip, 2014-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň ýeriň çölleşmegine garşy konwensiýasynyň ýerine ýetirilmegi boýunça konferensiýany geçirmegi teklip edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda daşary işler ministri Reşit Meredow Türkmenistanyň gumanitar meseleleri, hususan-da bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde pozitiw tejribeleriniň bardygyny habar berdi. Türkmen resmisi bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary kabul etmek boýunça Türkmenistanyň tejribeleri bilen tanyşdyrmak işini BMG-niň çäginde ýola goýmagy teklip etdi. Mededow bu temadan hem Aşgabatda ýokary derejede duşuşyk geçirmegi hödürledi.

Meredowyň sözlerine görä, Türkmenistan halkara arenasynda BMG-niň rolunyň güýçlenmegini goldýar we bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapynda çykyş edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG