Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şabuns: Ösümlikleriň ýerine asfalt düşelýär


Agaçlaryň çapylmagy, Aşgabat, 22-nji sentýabr, 2013.
Agaçlaryň çapylmagy, Aşgabat, 22-nji sentýabr, 2013.
Türkmenistanda ýene 117 ýarym müň nahal oturdyldy. Resmi maglumatlara görä, täze ekilen agaçlar 2013-nji ýylyň dowamynda ekilmeli diýlip görkezilen 3 million agajyň bir bölegidir.

Ýerli häkimiýetler daşary ýurtlardan satyn alnyp getirilen agaçlary köpçülikleýin ekýärkä, öňden bäri ösüp oturan agaçlar köpçülikleýin çapylyp ýok edilýär. Bu gapma-garşy ýagdaýyň hem şäherlerde hem-de beýleki ýerlerde giňden alnyp barylýandygyny ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Azatlyk Radiosy graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Nataliýa, şu günler Aşgabatda we ýurduň beýleki ýerlerinde ösüp oturan agaçlaryň köp çapylýandygy barada habar berilýär. Näme bolup geçýär?

Nataliýa Şabunts: Men nämäniň bolup geçýändigine özümem düşünemok. Meniň üçin bu örän bir agyryly mesele. Ýurtda köpçülikleýin agaç çapyşlyk Nyýazow döwründe başlanypdy. Şonda Aşgabadyň etegindäki miweli agaçlary ýok edip başlapdylar. Olaryň ýerine arça ekipdiler. Şol arçalar boş meýdanlarda ekilenliginde, bu, dogrudanam, gowy bir zatdy. Emma ösüp oturan miweli agaçlar ýok edilip, olaryň ýerine gurap galýan arçalary ekmeklik wagşylykdan başga zat däldi.

Şondan bäri agaç çapyşlygy gitdigiçe möwç aldy. Şol döwürde Çärjewde bir häkime il içinde dellekçi diýen lakamyň dakylandygy ýadymda. Sebäbi ol ähli agaçlary ýok edip, olaryň ýerine arça oturdyp çykypdy.

Azatlyk Radiosy: Agzalan ýagdaýlar tebigy ýagdaýda ösüp oturan agaçlara degişlimi ýa-da olar birwagtlar adamlaryň oturdan agaçlarymy?

Nataliýa Şabunts: Geliň, Nebitdagy alyp göreliň. Bu ýerde adamlaryň der döküp ýetişdiren agaçlary, bitmesi kyn agaçlar çapylypdy. Iňňän uly daragtlar we kökleri çuň ösýän agaçlar häzirki prezidentiň döwründe çapylyp başlandy. Olaryň iri kökleri ýerden uly kynçylyk bilen gazylyp çykaryldy. Bu agaçlar hem kölege berýärdi hem-de tozandan goraýardy. Olaryň ýerine arça agaçlary ekildi. Olaram gurap galdy, indi şol ýerde gugaryp galan bir meýdandan başga hiç zat ýok. Soň şol ýerlerden ekinçilik üçin peýdalanan adamlaryň melleklerindäki agaçlar-da çapylyp ýok edilipdi.

Azatlyk Radiosy: Şu günler Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň daşyndaky mellekleriň ýok edilýändigi barada maglumat gowuşýar. Aşgabatdaky ýagdaýlar barada gürrüň beräýseňiz.

Nataliýa Şabunts: Aşgabatda bolup geçýän ýagdaýlar aňy ýerindäki adamyň aklyna sygjak zat däl diýip pikir edýärin. Hawa, göräýmäge, ýaşaýyş jaýlaryň daşyndaky mellekleri ýok edip, aýdaly, ot söndüriji ulaglaryň arkaýyn geçmegi üçin ýollary giňeldýärler diýmek mümkin. Emma munuň üçin, birinjiden, ot söndürmek üçin ulanylýan häzirki döwre laýyk tehnikany satyn alyp bolardy, ikinjiden bolsa, agaçlaryň çapylyp, köçeleriň giňeldilmegi bilen ýangynyň öňüni alyp bolmaýandygyna mysallar az däl.

Azatlyk Radiosy: Ýerli häkimiýetler agaçlaryň çapylmagyny köçeleri giňeltmek maksady bilen düşündirýärlermi?

Nataliýa Şabunts: Olar ilata düşündiriş bermeli diýip asla hasap hem etmeýärler. Soňky sapar agaçlary çapanlarynda oňa häkimligiň bir wekili hem gatnaşypdy, emma ol özüni tanatjak hem bolmandy. Ol ýerde hojalygy dolandyryjy ýerli edaranyň işgärleri-de bardy. Ýöne olar adamlar bilen asla gepleşmek islemändi.

Şeýle-de agaçlaryň çapylmagy barada ýaşaýjylara köplenç öňünden duýduryş hem berilmeýär. Adamlaryň tötänden öýünden çykyp, birden öz mellegindäki üzümleriniň çapylyp, ýok edilýändigini görüp galýan halatlary-da az däl. Garry adamlaryň ýüreginden tutup ýykylýan ýagdaýlary-da köp bolýar.

Azatlyk Radiosy: Ýaşaýyş jaýlaryň daşyndaky mellekler haçan we nädip döredilipdi?

Nataliýa Şabunts: Meniň ýaşaýan mikroraýonym 20 ýylyň içinde göge bürenipdi. 30-njy mikroraýony alyp görsek, olam göm-gokdi. Baryny çapyp ýok etdiler.

Azatlyk Radiosy: Bu şäheriň ähli agaçlaryna degişlimi ýa-da jaýlaryň öňündäki ekinlere we agaçlara degişlimi?

Nataliýa Şabunts: Bar ýer çöllüge öwrülip barýar. Jaýlaryň daşyndaky ýerlerde adamlaryň öň dynç alýan we birek-birek bilen gürrüňleşýän ýerlerini asfalta gaplanan bir meýdana öwürdiler.

Azatlyk Radiosy: Nataliýa, agaçlaryň çapylmagyny ýerli häkimiýetler näme maksat bilen düşündirýärler?

Nataliýa Şabunts: Gynansak-da, bizde hojalyk dolandyryjy edaralardan başlap, häkimlige çenli edara resmileri adamlar bilen gepleşmelidir diýip asla hasap hem etmeýärler. Meniň ýaşaýan öýümiň golaýynda agaçlary çapyp, 20 ýyl mundan öň oturdylan agaçlary, üzümleri ýok etdiler. Bu ýerde öň toý hem geçirilýärdi, ýas hem, köp myhman gelende, howluda ýatyp bilýärdi. Indi bolsa onuň ýarpysyny çapdylar, ýerden taýaklar çykyp ýatyr.

Ýaş nahallar hem, uly agaçlar hem çapylýar, özem osüp oturan janly gök agaçlaryň çapylmagy örän gynandyrýar. Biziň jaýymyzyň öňünde tut agajy bardy, onuň miwelerinden iýip, doýup bolmaýardy, ony kowçeläp aýyrdylar, onuň ösen ýerinde indi opurylyp ýatan ýer galdy.

Bu zatlar şeýle bir oýlanyşyksyz edilýär. Biziň jaýymyzyň daşynda ozalky ýyllarda suw ýygnanýardy, şonuň üçin ýap gazmaly bolupdy, indi bolsa şu günki gün şol ýabyň bir bölegine gum sepip ony asfalt bilen tekizlediler. Golaýymyzdaky mekdebiň daşyndaky bag we mekdep tarapyndan ýetişdirilen miwe agaçlary-da ýok edildi.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin beýdýärsiňiz diýip häkimiýetlerden sorap gördüňizmi?

Nataliýa Şabunts: Hawa, men golaýymyzdaky bäş gatly jaýlaryň daşyndaky agaçlary çapyp başlanlarynda, bu sowaly beripdim, olar maňa ”biz töwerek-daşy abadanlaşdyrýarys, bu ýerlere asfalt düşeler” diýdiler.
XS
SM
MD
LG