Sepleriň elýeterliligi

Dagystan: Bäş ofiser öldürildi


Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda aýry-aýry bolan üç wakada bäş polisiýa ofiseri we üç parahat ilat öldürildi.

Çarşenbe güni Dagystanyň Içeri işler ministrliginiň beren maglumatyna görä, sişenbe güni giçlik ýurduň Hasawýurt etrabyndaky kafede polisiýa ofiserine ýaragdan ot açylyp öldürilipdir. Ministrligiň maglumatyna görä, wakanyň bolan pursady polisiýa ofiseri wezipe borçlaryny berjaý etmeýän eken.

Şol günüň dowamynda Dagystanyň Kyzylýurt etrabynda polisiýa inspektory nämälim şahs tarapyndan ýaragdan ot açylyp öldürildi. Bu waka polisiýa inspektorynyň ulagda öýüne gaýdyp barýan pursady ýüze çykdy.

Dagystanyň Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, Lewaşi etrabynda söweşiji diýlip güman edilýänler bilen bolan ok atyşykda hem üç polisiýa ofiseri we ýene-de şonça raýat ölüpdir. Bu ok atyşyk sişenbe güni gije başlap, çarşenbe güni daňdana çenli dowam edipdir.

Dagystan yslamçy ekstremizm we guramaçylykly jenaýatlar bilen ilteşikli ýowuzlyklardan birnäçe ýyl bäri ejir çekip gelýär. Söweşijiler ýygy-ýygydan polisiýany we ýerli resmileri nyşana alýarlar.
XS
SM
MD
LG