Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Saýýaf prezidentlige dalaş edýär


Owganystanyň iň tanymal Salafi lideri Abdul Rab Rasul Saýýaf 5-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin parlamentdäki wezipesinden çekildi.

Çarşenbe güni Saýýaf owgan parlamentiniň aşaky öýündäki wezipesinden çekilenden soň, özüniň prezidentlige dalaşgärligini yglan etdi.

Şeýle-de, ol häzirki wagt Owganystanyň energetika ministri wezipesinde işleýän Ysmaýyl Hanyň özüniň ilkinji wise-prezidenti hökmünde işlejekdigini mälim etdi.

Saýýaf häzirki wagt “Daawat-i-Islami” toparynyň hem ýolbaşçysydyr. Ol 1980-nji ýyllarda iň uly anti-Sowet yslamçy liderleriň biridi.

Saýýaf Saudy Arabystanynyň resmi dinine uýmaga başlandan soň, ol bu şalygyň ýakyn ýarany boldy. Saud Arabystanynyň resmi dini akymy sünni musulmanlarynyň selefi mezhebidir.

Saýýaf Owganystanyň we Günbataryň adam hukuklaryny goraýan toparlary tarapyndan 1990-njy ýyllarda bolan raýat urşy döwründe adam hukuklaryny depgilemekde aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG