Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistlere aýyplama bildirildi


Russiýanyň demirgazygyndaky Murmansk şäheriniň sülçileri “Greenpeace” atly toparyň azyndan dört aktiwistini we erkin wideooperatoryny resmi taýdan garakçylykda aýyplady.

Aktiwistleriň bäşisi Russiýadan, Brazilýadan, Britaniýadan, Finlandiýadan we Şwesiýadandyr.

“Greenpeace” topary bu aýyplamalary “ekstremal we proporsional däl” diýip häsiýetlendirdi.

Tussag edilenler günäli tapylan halatynda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilip bilner.

Şeýle-de, öňümizdäki sagatlarda we günlerde “Greenpeace” toparynyň tussag edilen beýleki agzalarynyň hem şeýle aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna garaşylýar.

Sentýabr aýynda “Greenpeace” toparynyň jemi 30 agzasy "Gazprom" kärhanasynyň eýeçiligindäki burawlaýjy desgasynyň içine girmäge synanyşanda rus resmileri tarapyndan tussag edilipdi.

Adam hukuklaryny goraýan toparlar aktiwistleriň derhal boşadylmagy üçin çagyryş etdiler.
XS
SM
MD
LG