Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-G.Koreýa ylalaşyga gol goýdy


Birleşen Ştatlar we Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň köpçülikleýin ýumurmalara sebäp bolup biljek ýadro ýaraglaryny ulanmaklyk ähtimallygynyň öňüni almaga gönükdirilen ylalaşyga gol goýdular.

Bu strategik plana çarşenbe güni ABŞ-nyň Goranmak sekretary Çak Hageliň Seule eden saparynyň dowamynda gol goýuldy. Şertnama barada goşmaça maglumatlar berilmedi.

Şeýle-de, Hagel Demirgazyk Koreýa garşy “giňeldilen öňüni alyş” diýip häsiýetlendirmesine garşy Birleşen Ştatlar öz ýarany Günorta Koreýany gerekli enjamlar bilen üpjün etmek üçin ähli harby mümkinçiliklerini ulanar diýdi.

Hagel we Günorta Koreýanyň goranmak ministri Lim Kwan-Hin Demirgazyk Koreýa bilen uruş bolan ýagdaýynda amerikan güýçleriniň öňküsi ýaly ABŞ we Günorta Koreýanyň komandowaniýesindäki goşunda bolmaga dowam etmegi barada Seulyň eden haýyşyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Günorta Koreýa 2015-nji ýylda harby komandowaniýany öz üstüne almagy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG