Sepleriň elýeterliligi

Aşa dinçiler Obama-Rohani gepleşigini tankytlaýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň birlikdäki suratlaryny çap eden eýranyň gazetleri

Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň birlikdäki suratlaryny çap eden eýranyň gazetleri

Prezident Rohani bilen Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň arasynda bolup geçen taryhy ähmiýetli telefon söhbetdeşligi, umuman aýdanymyzda, Eýranda hoşallyk bilen kabul edildi. Eýranda syýasy ýolbaşçylyk eýýäm 30 ýyldan hem köp wagt bäri Amerikanyň garşysyna hereket edýär.

Geçen hepde Rohani BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edip, ýurduna dolananynda, ony köne syýasatyň tarapdarlaryndan birnäçe adam ýumurtga we aýakgap zyňyp, garşy aldylar. Ýöne üýşen protestçiler sanlyja adamdan ybarat bolup, täze prezidente goldaw berýänleriň sany olardan has köpdi.

Bu wakanyň öňümizdäki günlerde ýene-de gaýtalanmagy mümkin, sebäbi köne syýasatyň hötjet tarapdarlary öz prezidentleriniň Obama bilen duşuşmagy dogrusyndaky tankydy belliklerini aýtman, her niçigem bolsa, ümsümligi saklaýarlar.

Telefon gepleşigi

27-nji sentýabrda iki prezidentiň arasynda bolup geçen telefon gürrüňdeşligi 1979-njy ýylda Eýranda bolup geçen Yslam Rewolýusiýasyndan we Tähranda amerikan diplomatlaryny zamun almaklyk hadysasyndan soň ilkinji gezek geçirilen telefon gürrüňdeşligidi.

Telefon söhbetdeşligi barada köp sanly eýranly raýatlar, reformaçylar we hatda yslamy edaralaryň konserwatiw agzalary hem özleriniň hoşal sözlerini aýtdylar.

Käbirleri telefon jaňynyň iki ýurduň gatnaşyklaryndaky dartgynly ýagdaýlary gowşadyp, ýurduň ýadro programmasy meselesinde çözgüt tapylmagyna umyt döredýändigini aýtdy. Amerika garşy çykmagy öz ömürleriniň manysy hasaplaýan hötjetlere Eýranyň “ömürlik duşmany” bilen edilen telefon gürrüňdeşligi ýakmadygam bolsa, dilden aýdylan tankydy bellikler hem boldy.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu ýagdaýyň sebäbi Rohaniniň başlangyçlaryny Eýranyň yslamy edaralarynyň ýokary wekilleriniň goldamaklarydyr. Oppozisiýa wekilleri prezident Rohaniniň diplomatiki synanyşygynyň amala aşmagy ýa-da netijesiz boljagy barada ýakyndan gyzyklanarlar diýip, bilermenler öz sözlerine goşýarlar.

“Entek ir”

30-njy sentýabrda Eýranyň ”Rewolýusiýanyň sakçylary” gullugynyň komandiri Ali Jafari Rohani bilen Obamanyň arasyndaky telefon gürrüňdeşligini “entek ir” diýip, tankyt etdi. Ol: “Birleşen Ştatlaryň prezidenti özüniň akýürekliligini subut etmek üçin anyk çäreler görýänçä, Rohani garaşmalydy” diýdi.

Muňa garamazdan, Jafari prezident Rohaniniň Nýu-Ýorkdaky soňky saparyny “dogumly we zerur hereket” diýip häsiýetlendirdi we onuň diplomatik propogandasyny goldaýandygyny beýan etdi. Jafari: “Elbetde, käbir säwlikler goýberildi, mysal üçin, telefon arkaly gürrüňdeşlik” Diýip, konserwatiw ”Tasnim” agentligine gürrüň bermek bilen öz sözlerini şeýle dowam etdi: “Ýöne bu säwlikler soňundan düzedip boljak ýalňyşlar.”

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Öňler köplenç Ýokary lider Aýatollah Hamaneýiniň garaýyşlaryny neşir edýän, aňrybaş gaty syýasatyň tarapdary - “Keýhan” gündelik neşiri hem telefon gürrüňdeşligini tankyt etdi.

“Eger bu sypaýyçylyk bolsa, onda näme üçin taraplaryň hiç haýsysy jogapkärçiligi kabul edenok?” diýip, gündelik neşir öz sahypalarynda ýazýar.

Tankytlarda dünýäniň ösen ýurtlary bilen täze ýadro ylalaşyklaryny ýola goýmagy maksat edinýän Eýranyň syýasatynyň we iki oduň arasynda galan Rohaniniň ýagdaýlarynyň örän çylşyrymlydygy hem aýdyldy.

Maşatda ýaşaýan žurnalist Muhammet Sadeh Jawadi Hessar iki tarapyňam tankydy bellikleriniň diňlenjekdigini, ýöne olaryň häzirlikçe sesleriniň çykarylmajakdygyny çaklaýandygyny aýtdy.

Jawadi Hessar öň kanunçykaryjy bolup işläpdi. Ine, onuň bu ugurdan eýeleýän pozisiýasy: “Eýranda-da, Birleşen Ştatlarda-da garşy pikirler ýüze çykyp biler. Ýöne olaryň täsiri bolmaz. Ylalaşygy maksat edinýän hökümetiň we edaralaryň garaýyşlary has täsirli bolar.”

“Gahrymançylykly geçirimlilige”

Jawadi Hessaryň aýtmagyna görä, gaty syýasatyň tarapdarlary ýokary lideriň isleglerine garşy gidip bilmezler. Ýokary lider geçen aý Eýranyň Günbatar bilen ylalaşygynda taraplary “gahrymançylykly geçirimlilige” çagyrypdy. Hessaryň aýtmagyna görä, Hameneýi, Eýrana problemalaryň hötdesinden gelmek zerur diýip pikir edýär.

Muňa garamazdan, eýranly beýleki bir bilermen Reza Alyjany kän bir ynamly däl. Ol: “Gaty syýasatyň tarapdarlary uly döwletler we Birleşen Ştatlar bilen ýadro ylalaşyklaryny amala aşyrjak bolýan Eýranyň diplomatiki öňegidişliklerine badak atjak bolarlar” diýip aýtdy.

“Aýratynam soňky sekiz ýylyň dowamynda howpsuzlyk we harby güýçler syýasata goşuldylar. Häzir olara yza gaýtmak kyn. Hameneýi “gahrymançylykly eglişige” çagyranam bolsa, gaty syýasatyň tarapdarlary – hötjetlere Birleşen Ştatlar bilen gönüden-göni gepleşikleriň zerurlygyny düşündirmek kyn bolar. Şonuň üçinem ”Rewolýusiýanyň sakçylary” gullugynyň käbir komandirleri we gündelik neşir bolan “Keýhan” prezidenti tankyt edýärler. Meniň pikirimçe, tankydy bellikler diňe Rohaniniň garşysyna däl, eýsem olar Hameneýä täsir etmek üçin hem ulanylýar.”

30-njy sentýabrdaky belliklerinde Eýranyň ”Rewolýusiýanyň sakçylary” gullugynyň komandiri Jafari: “Waşington Eýranyň ýagşy niýetine jogap bermeli” diýip belledi. Mysal üçin, eýran halkynyň garşysyna girizilen sanksiýalary ýatyryp, Eýrana garşy içi kitüwliligi bes etmek we Eýranyň ýadro programmasyny kabul etmek arkaly Birleşen Ştatlar Eýranyň ýagşy niýetine jogap berip biler” diýdi.

Yspyhan şäherinde ýaşaýan konserwatiw dinçi Muhammet Tagi Rahbar anna güni okalýan namazlardan soň we ähmiýetli çärelerde aýdylýan “Amerika ölüm” şygarlarynyň haçanam bolsa bir gün ýatyryljakdygyny aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, bu şygarlar Gurhanda ýok we şonuň üçinem olar baky däl.
XS
SM
MD
LG