Sepleriň elýeterliligi

Täze düzgünli köne oýun


Ukrainanyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Orsýetiň baýdaklaryndan edilen karta (shutterstock.com saýtyndan)

Ukrainanyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Orsýetiň baýdaklaryndan edilen karta (shutterstock.com saýtyndan)

Öz goňşulary bilen gödek oýun oýnamaklyk Orsýet üçin täzelik däl. Moskwa muny Sowet Soýuzy dargaly bäri edip gelýär. Häzirki wagtda regionyň ençeme döwleti Ýewropa Bileleşigine bil baglaýarka, näme üýtgedi?

Öňki sowet respublikasy Ýewropa bilen ýakynlaşmak boýunça öz garaýyşlaryny öňe sürýär, bu ädime Moskwa garşy bolýar.

Kreml dymmak arkaly goldaw bildirýärkä, etnik orslaryň köplük bolup ýaşaýan bir şäherinde ýerli ilat bölünip aýrylmak boýunça ses berişlik geçirýär, bu ýerde zorlukly konfliktiň tutaşmagy bilen bagly howatyrlanmalar artýar. Orsýetiň resmileri bu ýurduň ors dilli ilatyny goramagy wada berýärler.

Bu 2013-nji ýylda Ukrainada bolan ýagdaýmy ýa-da Moldowada, diýen sorag ýüze çykýar. Bu Estoniýanyň Narwa şäherinde 1993-nji ýylda dörän ýagdaýdyr. Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yz ýany dörän bu gapma-garşylyk parahatçylykly tamamlanypdy we şu günki gün Ýewropa Bileleşiginiň pasportyna eýe bolan Narwanyň ýaşaýjylary dartgynlylykdan daşlaşana meňzeýärler.

Şu günki üýtgeşiklik

Şu günki gün Kremliň Ukrainanyň, Ermenistanyň we Moldowanyň Ýewropa Bileleşigi bilen bileleşmek boýunça ylalaşygyna gol çekmekleriniň öňüni almak boýunça tagallalary Orsýetiň regional goňşularyny öz täsiriniň astynda saklamaga ymtylýandygyna ýene-de ünsi güýçlendirdi.

Emma analitikler Moskwanyň öz goňşulary babatynda köne syýasatyny alyp barýan hem bolsa, oýnuň düzgünleriniň çürt-kesik üýtgändigini aýdýarlar.

Günbatar we Ýewropa Bileleşigi özlerini has aktiw alyp barýarlar. Kreml öz bähbitlerini has kesgitli öňe sürýär. Orsýetiň postsowet regiony boýunça ozalky goňşulary bolsa öz garaşsyzlygyny has ynamly goraýarlar.

NATO-nyň öňki resmisi John Lough Londonda ýerleşýän Chatham House atly halkara gatnaşyklar boýunça institutynyň Orsýetiň we Ýewraziýa programmasynyň wekili. John Lough regionyň gitdigiçe Moskwanyň we Günbataryň arasyndaky bäsdeşlik giňişligine öwrülip barýandygyny aýdýar. Bilermen Moskwanyň hereketleriniň has aýdyňlaşýandygyny belledi.

Synçylaryň pikirine görä, Ýewropa Bileleşigi täsir ugrundaky bäsdeşlikde Ukraina we Moldowa ýaly ýurtlarda has öňe saýlandy. Bu bolsa belli bir derejede, Moskwanyň regionda alyp baran taktikasynyň, ýagny boýkot, söwda urşy, syýasy talaplary üçin energiýany ulanmak we ýerli ors azlyklaryň arasynda nägilelikleri güýçlendirmek ýaly basyşlarynyň netijesi boldy.

Kremliň syýasatyny öwrenýän Britaniýanyň "The Economist" neşriniň halkara meseleleri boýunça redaktory we “Içalyçylyk, ýalançylyk we Orsýet Günbatary nädip aldaýar” atly kitabyň awtory Edward Lukas geçmişde Ýewropa Bileleşiginiň Orsýet bilen bäsdeşlige örän gowşak çemeleşendigini belledi.

Lukasyň sözlerine görä, Sowet Soýuzy baradaky ýatlamalaryň gowşamagy bilen Orsýetiň region boýunça goňşularynda öz garaşsyzlygyna bolan ynam hem güýçlenýär. Netijede olaryň Moskwanyň basyşlaryna garşy durmaga taýýarlygy hem artýar. Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň güýçlenmegi hem muňa ýardam berýär.

Edward Lukasyň sözlerine görä, köp postsowet ýurtlarynyň Ýewropa bilen söwda gatnaşyklarynyň artmagy hem Ýewropa Bileleşiginiň regiondaky täsirini güýçlendirdi.

Muňa garamazdan, Moskwa öz oýnuny dowam etdirýär.

Moskwanyň täsiri näme üçin saklanýar?

Orsýetiň we beýleki regional ýurtlaryň syýasy we biznes elitalarynyň arasynda güýçli gatnaşyklar dowam edýär. Korrupsiýa gülläp ösýär we ençeme ýurduň ýolbaşçylary Ýewropanyň has aýdyň modeline garanda çylşyrymly postsowet düzgünini dowam etdirmegi has amatly görýärler.

Häzirki wagtda Orsýet Ukrainanyň, Moldowanyň we Ermenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen bileleşmek boýunça ylalaşyga gol çekmeginiň öňüni almaga synanyşýar. Bu ylalaşyga noýabr aýynda Litwanyň paýtagty Wilnýusda gol çekilmegine garaşylýar.

Moskwa öz tarapyndan bu ýurtlara Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky gümrük bileleşigine goşulmagy teklip edýär. Bu gurama Orsýetden başga Gazagystan we Belarus girýär.
XS
SM
MD
LG