Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ: Gapma-garşylyklar dowam edýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Waşington, 1-nji oktýabr, 2013.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Waşington, 1-nji oktýabr, 2013.

Amerikan hökümetiniň işiniň bölekleýin togtadylmagynyň ikinji güni dowam edýär. Respublikan we Demokrat kanun çykaryjylar maliýe çykdajylar plany boýunça ylalaşyga gelip bilmejege meňzeýärler.

Ak tamyň aýtmagyna görä, prezident Barak Obama hökümetiň bölekleýin maliýeleşdirilmegini göz öňünde tutýan “tapgyrlaýyn” häsiýetli islendik kanuna gadagançylyk girizmekçi bolýar. Ak tamyň resmi beýannamasyna görä, şeýle tapgyrlaýyn tagallalar çynlakaý çäre we hökümeti dolandyrmagyň ýoly bolup bilmez”.

Işiň togtadylmagy

1-nji oktýabrda täze maliýe ýylynyň ilkinji güni ýarygije başlanan – işiň togtadylmagynyň netijeleri 2-nji oktýabrda ABŞ-da tutuş ýurt boýunça duýlup başlady.

Amerikanyň edaralarynyň, milli muzeýleriniň we ýadygärlikleriniň uly bölegi, şol sanda Azatlyk diňi bu gün ýapyklygyna galdy. Federal agentlikleriniň we edaralarynyň ýüzlerçe müň işgäri tölegsiz dynç alşa iberildi.

Şol bir wagtda-da Kongresiň kanunçykaryjylary we prezident öz işlerini dowam etdirdiler.

Munuň täsiri ýurduň daşynda hem duýuldy. ABŞ-nyň Ýewropadaky gonamçylyklaryna bu gün baryp bolmady.

ABŞ-nyň liderleri milli howpsuzlyk we döwlet howpsuzlygy boýunça möhüm işleriň çäklendirilmejegini aýtdylar. Şol bir wagtda-da işe çykmazlyk barada duýduryş berlen adamlaryň arasynda Goranmak ministrliginiň onlarça müň işgäri hem bar.

Barak Obama sişenbe güni eden çykyşynda soňky 17 ýylyň dowamynda hökümetiň işiniň ilkinji gezek togtadylmagynda respublikanlary aýyplady. Obama bu ýagdaýyň onuň hödürlän saglygy Saklaýyş boýunça kanunyna garşy respublikanlar tarapyndan bildirilýän garşylygyň netijesinde emele gelendigini belledi.

Gapma-garşylyklar

Respublikanlar bolsa Obamanyň Demokratik partiýasynyň kanunçykaryjylaryny mesele boýunça maslahat geçirmekden boýun gaçyrmakda aýypladylar.

Obama Ak tamda eden çykyşynda respublikanlary hökümetiň gaýtadan işläp başlamagyna we öýlerine goýberilen işgärleriň işe dolanmagyna ýol bermäge çagyrdy. Obama ýurduň ykdysadyýeti respublikanlaryň “ideologik” talaplarynyň zamuny bolmaly däl diýip nygtady.

Respublikanlaryň lideri we Wekiller öýüniň başlygy Jon Boehneriň resmi wekili Ak tamyň pozisiýasyny hakykata gabat gelmeýän ýalançylyk diýip atlandyrdy.

Kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda Boehner Senata gozegçilik edýän demokratlary mundan üç ýyl ozal taýýarlanan we 1-nji oktýabrda güýje giren Saglygy saklaýyş boýunça kanuna degişli gapma-garşylyklar babatynda respublikanlar bilen gepleşmekden ýüz öwürmekde aýyplady.

Köpçülikleýin pikir öwrenmeleriň netijelerine görä, amerikanlaryň aglaba köpçüligi Obamanyň teklip eden kanunynyň ukypsyzlygyny görkezmek üçin hökümetiň işiniň togtadylmagyna garşy çykyş edýär.

Prezidentiň respublikan garşydaşlary bolsa Obamanyň Saglygy saklaýyş boýunça kanunynyň ykdysadyýete howp salýandygyny we iş orunlarynyň azalmagyna getirýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG