Sepleriň elýeterliligi

"Men galyp bilmerin, gitmän bilmerin"


Galam bilen kagyz

Galam bilen kagyz

Publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň goşgulary.

Gorky

Şeýle-dä…
Myş-myşdan, soňsuz boş gepden,
Halas däl jenjelden bu gaça serim.
Myş-myşlara görä kesýärler baha,
Tapýar zaluwatlar bir gowşak ýerim.

Ýöne ynanýaryn, şol ynam maňa,
Egip berer gol uzadan şahamy.
Tüýkirin ýüzüne kümsük kişileň,
Şaýa alman bu myş-myşly bahany.

Men baha mätäç däl, biýän kimdigim,
Goý, hile gursunlar, etsinler öwrüm.
Nadyl däl, haýyrdan kemrysgal däl men,
Gorkýan çyn bahamy giç keser döwrüm.

Giderin

Kenaryna kine eden tolkun deý,
Özümden öýkeläp gülerde bir gün.
Giderin aýagyň äden ugruna,
Parhy ýok ýollarym aňzakmy, sergin.

Men galyp bilmerin, gitmän bilmerin,
Ýürek özelense, boýnuny bursa.
Bar goşum emgege ýakyn şu serim,
Giderin çal başym egnimde dursa.

Watan

Watana mert gerek, merde-de Watan,
Watan zarlar Watan diýip öteni.
Bir näkes ogla-da gerekli Watan,
Özi aman galýar satyp Watany.

Dört ýetim

Ýetime “it” diýrler, diýip geçsinler,
It gününi gören it janly bolar.
Ulalsa kynlary talhan eýlär ol,
Bermezek Taňrydan gaňyryp alar.

Zemin ýetim galar duşmasa daýhan,
Ýerden hümmet gider, döwran sowular.
Adam orta ýaşda dul galsa munda,
Çyn ýetimdir şatlyk ýele sowrular.
XS
SM
MD
LG