Sepleriň elýeterliligi

Fukuşima: Radioaktiwly suw syzýar


Ýaponiýanyň Fukuşima ýadro stansiýasynyň operatory ýokary derejeli radioaktiwly suw syzmasynyň üstüni açandygyny aýdýar.

Bu awgust aýyndan bäri ýadro stansiýada üsti açylan ikinji radioaktiwly suw syzmasydyr.

Tokionyň elektrik energiýa kompaniýasy - TEPKO suwuň Ýuwaş okeanyna syzýan bolmagy ähtimal diýýär. Kompaniýanyň maglumatyna görä, şu wagta çenli 430 litrden gowrak hapalanan suwuň syzandygy çaklanylýar.

Kompaniýa suwuň her litriniň düzüminde radioaktiw izotoplarynyň 200 müň bekkereleýi, şol sanda stronsiý himiki elementiniň 90 sanysy bar diýýär. Kanun esasynda suwuň her litriniň düzüminde 30 bekkereleý bolmaly.

Mundan ozal awgust aýynda stansiýadan takmynan 300 tonna radioaktiwaly suw syzypdy.

Agzalýan stansiýanyň sowadyş sistemasy 2011-nji ýylda bolan ýer titremede we sunamide bozulypdy. Şondan bäri şol suwuň ägirt uly bölegi Fukuşima reaktorlarynyň sowadylmagy üçin ulanylýar.
XS
SM
MD
LG