Sepleriň elýeterliligi

Internet azatlygy erbetleşýär


“Freedom House” guramasy geçen ýylyň dowamynda internet azatlygynyň bütindünýäde aşak gaçandygyny habar berýär. Guramanyň maglumatyna görä, muňa gözegçiligiň ýaýramagy, websaýtlaryň mazmunyna kontrollyk edýän täze kanunlar we tussag edilýän sosial media ulanyjylaryň göz-görtele artmagy sebäp bolýar.

Bu maglumatlar penşenbe güni güni ýaýradylan täze raportda halk köpçüligine mälim edildi. Raport 60 ýurduň 2012-nji ýylyň maý aýy bilen 2013-nji ýylyň aprel aýy aralygyndaky ösüşini öz içine alýar.

Raportda bellenmegine görä, Eýran, Kuba we Hytaý internetiň ulanylyşyna berk çäklendirmeler girizilen ýurtlaryň hatarynda bolmaga dowam edýär.

Internet azatlygy Belarus, Pakistan we Özbegistanda hem yzygiderli çäklendirilendir. Muňa garamazdan, raportda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Russiýa ýaly ýurtlarda internetiň ulanylyşynyň belli bir derejede azatdygy bellenýär.

Şeýle-de, raportda internede gözegçilik etmek üçin hökümet tarapyndan adatça ulanylýan usullaryň sanawy hem çap edilipdir. Olaryň arasynda hökümet tarapyndan websahypalaryň petiklenmegi we süzgüçden geçirilmegi, hökümet tankytçylaryna garşy kiber hüjümleriň, gözegçiligiň edilmegi, şeýle-de olaryň tussag edilmegi, fiziki hüjümlere sezewar edilmegi we öldürilmegi ýaly usullar bar.
XS
SM
MD
LG