Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň hökümet togtadylmasyndan işçiler utdurýar


Milli moluň ýapylandygy baradaky ýazgy, Waşington, 2-nji oktýabr, 2013.

Milli moluň ýapylandygy baradaky ýazgy, Waşington, 2-nji oktýabr, 2013.

Birleşen Ştatlaryň hökümet togtadylmasy Waşingtonyň myhmanlarynyň esasy gelýän ýerleriniň ýapylmagyna getirip, şäheriň muzeýlerine, ýadygärliklerine we milli haýwanat bagyna baryp görmegi planlaşdyran syýahatçylary lapykeç etdi.

Şol bir wagtda, barlarda we restoranlarda dynç alyşdaky federal işgärlere teselli üçin, ýörite arzanlaşyklar teklip edilýär.

Waşington hökümet şäheri bolmak bilen bir hatarda Amerikanyň iň uly syýahat merkezleriniň hem biri bolup durýar.

Şeýle bolansoň, hökümetiň togtadylmagy diňe 800 müň çemesi hasaplanýan federal işgäre, töleg tölemezden dynç alşa iberilen adamlara täsir ýetirmeýär.

Myhmanlar üçin ýapylan Linkoln memorialy, Waşington, 1-nji oktýabr, 2013.

Myhmanlar üçin ýapylan Linkoln memorialy, Waşington, 1-nji oktýabr, 2013.

Ýerli biznesler müşderilerini ýitirseler, syýahatçylar dünýä meşhur Smitsonian ýaly muzeýleriň ýapykdygyny, Linkoln memorialy ýaly ýadygärlikleriň daşynyň gabsalandygyny görüp, lapykeç boldular.

"...milli parklaryň ählisi ýapyldy"

Bu ispan syýahatçylarynyň bir toparynyň çarşenbe güni, maýylgan güýz agşamynda baraýjak ýerleriniň biridi. Emma olar, oturan Abraham Linkolnyň meşhur ýadygärligini görmek üçin basgançakdan galmaga derek, “Federal hökümetiň togtadylmagy sebäpli milli parklaryň ählisi ýapyldy" diýen ýazgyny surata düşürdiler.

Atlantadan gelen Heýliý Monette hem şol ýerde bolup, onuň ýanynda 9 ýaşly gyzy Izabella hem bardy:

"[Biz Waşingtona diňe] bir günlük geldik, emma biziň bu ýerde bolmagy saýlan günümiz hemme zadyň ýapylan wagtyna gabat geldi. Men bilemok, bu biraz gülkünç diýip pikir edýärin. Biz diňe syýasat oýnaýarys."

Ýaşuly weteranlaryň gahary

Sişenbede (1-nji oktýabr), hökümetiň togtadylan ilkinji güni, Birleşen Ştatlaryň uzakdaky şäherlerinden gelen ýaşuly harby weteranlaryň bir topary paýtagtyň Milli molunda, II Jahan Urşunyň gahrymanlaryna dikilen ýadygärligiň daşy sary lenta bilen gabsalan meýdançasyna “zabt” etdiler. Olara ahyry, Kongres agzalary goşulyşandan soň, içeri girmäge rugsat berildi.
Haby weteranlar II Jahan Urşunyň gahrymanlaryna dikilen ýadygärligiň ýanynda, Waşington, 1-nji oktýabr, 2013.

Haby weteranlar II Jahan Urşunyň gahrymanlaryna dikilen ýadygärligiň ýanynda, Waşington, 1-nji oktýabr, 2013.


Illinoýsden gelen Ken Kalvert çarşenbe güni diňe adamlary başga ugra gönükdirmek üçin duran park gözegçilerine ýüzlenip, öz lapykeçiligini bildirdi:
"Biziň bu ýere gelmegimiziň sebäbi şu: biz öz ýurdumyzyň milli ýadygärliklerini görmäge geldik. Men şu ýerde doguldym we meniň kakam II Jahan Urşunyň weterany. Bu bir dälilik. Ol şunuň üçin söweşipmidi?"

Golaýda duran dynç alyşdaky işçi Jon Aukotuň elindäki plakatda şeýle ýazgy bardy: “Biziň weteranlarymyz öz işlerini etdi. Kongres, haýyş edýäris, öz işiňi et!"

"Dogrusy, hakykatda men häzir bu ýere biziň owadan monumentlerimizi görmäge gelen adamlar üçin biraz utançly. Meniň utanmagymyň sebäbi, bu biziň hökümetimiziň işlemeýändiginiň bir alamaty bolup görünýär. Men ol edil häzir işleýändir diýip pikir etmeýärin."

Waşingtonyň köp babatda syýahatçylardan gelýän girdejä daýanýandygy üçin, hökümet togtadylmasynyň şäher gaznasyna gymmat düşmegi-de mümkin.

Şäher resmileri myhmanhana otaglaryndan we restoranlardan toplanýan salgytlarda her gün 200 million dollar möçberinde ýitgi çekilmeginiň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG