Sepleriň elýeterliligi

Häkimler we daýhanlar: kemçilikleriň sebäbi näme?


Pagtanyň el güýji, çagalaryň işledilmegi bilen ýyglyşyndan bir pursat. Lebap, 27-nji oktýabr, 2012.

Pagtanyň el güýji, çagalaryň işledilmegi bilen ýyglyşyndan bir pursat. Lebap, 27-nji oktýabr, 2012.

Türkmenistanda oba hojalyk ýolbaşçylarynyň tankytlanmagy, häkimilere käýinç berilmegi ýa-da olaryň «düýpli kemçilikleri üçin» diýlip işden boşadylmagy soňky 15 ýylda adaty bir zada öwrüldi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wagtal-wagtal ýurduň oba hojalygynda dowam edýän kemçilikleri tankyt edýär, hasyllylygy, daýhanlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin edilmeli işleri kesgitleýär.

Mälim bolşy ýaly, öňki prezident S.Nyýazow ömrüniň soňky ýyllarynda, ýeriň eýesini tapyp bilmändiklerini aýdyp, häkimleri tankyt edipdi.

Prezident Berdimuhamedow hem, ilki häkimiýet başyna geçen ýyly oba hojalygyndaky meseleleri çözmegi wada berdi. Şeýle-de ol, Nyýazow döwründe bolşy ýaly, häkimleri tankytlamagy, olary işden aýyrmagy we täze häkimleri bellemegi dowam etdirdi.

Ýöne, ýerli synçylaryň, daýhanlaryň kynçylyklaryny bilýän adamlaryň tassyklamaklaryna görä, bu ýerde häkim belläp, häkim aýyrmak bilen gazanyljak zat az.

Eýsem Türkmenistanyň häkimler we daýhanlar meselesi nähili çözülmeli?

Azatlyk Radiosynyň bu temadan taýýarlan “Tegelek stol” söhbetdeşligine ýerli synçylar, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmet, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, žurnalist Osman Hallyýew gatnaşdy.

Şeýle-de onda ýerli mugallym, gazagystanly spesialist bilen söhbetdeşliklerden bölek ulanyldy.

Söhbeti diňläp, öz pikirleriňizi ýazsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG