Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde, 1993-de bolan krizisiň baş gahrymanlary


Prezident Ýeltsine ygrarly Goşynyň tanklary parlamentiň işiginde. Moskwa, 4-nji oktýabr, 1993.
Prezident Ýeltsine ygrarly Goşynyň tanklary parlamentiň işiginde. Moskwa, 4-nji oktýabr, 1993.
Orseýtde bolup geçen konstitusion krizisiň üstünden eýýäm ýigrimi ýyl geçdi. Gürrüňi edilýän syýasy krizis soňlugy bilen ýaragly çaknyşyga öwrülip, onuň netijesi hem parlamentde gapma-garşylygyň ýüze çykmagyna getiripdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu pajygaly ýagdaýyň baş gahrymanlaryna ýakyndan syn etdi.

Orsýetde bolup geçen şol syýasy oňşuksyzlyk ýurtda tas garaždanlyk urşunyň turmagyna sebäp bolupdy. Krizisiň netijesinde paýtagt Moskwada 1917-njy ýylda bolup geçen Bolşewik rewolusiýasyndan soň iň gandöküşikli köçe gozgalaňy turupdy.

Ýigrimi ýyl mundan ozal, Orsýetde birnäçe aý dowam eden syýasy oňşuksyzlyk has tutaşansoň, ahyry 4-nji oktýabrda şol wagtky prezident Boris Ýeltsin goşuna mejlise hüjüm etmegi buýruk beripdi.

Wakadan 2 hepde ozal, ýagny 21-nji sentýabrda Ýeltsin mejlisi (Ýokary Soweti) dargadyp, halky täzeden saýlawlara çagyrypdy. Ýöne Ýeltsiniň gol astyndaky esasy garşydaşlaryndan bolan oňşuksyz kanunçykaryjylar, Ýokary Sowetiň metbugat wekili Ruslan Hasbulatow we wise-prezident Aleksandr Rutskoý Moskwanyň Ak tamynda ýurduň baştutanyna böwet bolup, onuň sud jogapkärçiligine çekilmegi üçin ses beripdiler.

Şondan soň Hasbulatow we Rutskoý, Ýeltsine garşy bolan ýaragly protestçileri küşgürip, olara Orsýetiň merkezi media organy bolan Ostankino telekanalyna we Moskwa şäheriniň häkimlik binasyna çozmaga meçew beripdiler. Ýagdaý şeýle bolany üçin, Ýeltsin ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edip, harbylara Ýokary Soweti almagy buýruk beripdi.

Şol döwürde bolup geçen wakalaryň baş gahrymanlaryndan biri hem prezident Boris Ýeltsin.
Prezident Boris Ýeltsin (S) Federal howpsuzlyk gullugynyň direktory W.Putin bilen gürleşýär. Kreml, 29-njy mart, 1999.
Prezident Boris Ýeltsin (S) Federal howpsuzlyk gullugynyň direktory W.Putin bilen gürleşýär. Kreml, 29-njy mart, 1999.

Ol gürrüňsiz Orseýtde bolup geçen üýtgedip gurmak döwrüniň gahrymanlaryndandy.

1980-nji ýyllaryň ahyrynda Boris Ýeltsin Komunistik partiýanyň hataryndan öz islegi bilen çykyp, meşhur “bulagaý adama” öwrülipdi. Bu öwrülişik pursaty onuň 1991-nji ýylyň awgustynda bolup geçen hökümet agdarylşygyna synanyşykda tankyň üstünde durup surata düşmegine we edil şondan soň hem Kremle girmegine çenli dowam edipdi.

1991-nji ýylyň awgustynda hökümeti agdarmak synanyşygy tutuş Sowet Soýuzynyň dargamak prosesini çaltlandyrypdy.

Ýöne jadylaýyjy günleriň serhoşlygy 1991-nji ýylyň bahar paslyna çenli dowam edipdi.

Wagtyň geçmegi bilen Orsýetiň post-sowet ykdysadyýeti güýçden gaçyp, Ýeltsiniň “şok terapiýa” diýip bilinýän bazar ykdysadyýetindäki reformalaryna kem baha berlip başlanýar. Ýeltsin 1993-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen referendumda üstünlikli çykyş edýär. Ýöne bahar pasly gutaransoň, Ýeltsin Ýokary Sowetiň kanunçykaryjylary bolan Ruslan Hasbulatow we wise-prezident Aleksandr Rutskoý bilen oňuşman başlaýar.

Şeýle agyr ýagdaýlaryň we oňşuksyzlyklaryň ýurdy ysgyndan gaçyrýan döwründe, ýagny 1993-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Ýeltsin “No:1400 belgili karara” gol çekýär. Bu karar kanunçykaryjylary dargadyp, dekabr aýynda iki palataly saýlaw geçirmekligi tabşyrýardy.

Prezident bu çäräniň degişli ykdysady reformalary amala aşyrmak üçin, bazar ykdysadyýetini esas edinmek üçin we sowet döwrüne yza dolanmazlyk üçin zerur hasaplanadygyny nygtap çykyş edýär.

Şeýlelikde, käbir kanunçykaryjylar Moskwanyň Ak tamyna toplanyp, ol ýerden çykman, Ýeltsini sud jogapkärçiligine çekmek üçin ses berýärler. Ýeltsin bolsa, bolýan zatlara üns bermän, binanyň elektrik toguny, telefon hyzmatyny we ýyly suwuny kesdirýär.

Şondan soň polisiýa işgärleri bilen Ýeltsine garşy gidýän protestçileriň arasynda çaknyşyklar ýygjamlaşyp başlaýar. Protestçiler paýtagtyň köçelerinde barrikadalar gurýarlar. Haçanda demonstrantlar Orsýetiň merkezi habar ýaýlymy bolan Ostankino kanalyna we şäher häkimliginiň binasyna hüjüm edenlerinde, Ýeltsin içeri işler ministrligine ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan etmegi buýruk berýär.

4-nji oktýabr güni irden Ýeltsin şol wagtky goranmak ministri Pawel Graçýowa Ak tama çozmagy buýurýar. Şol günüň öýlänine çenli Ýeltsine bagly güýçler, binanyň howpsuzlygyny üpjin etmek bilen, gozgalaňçy mejlis agzalaryny tussag edýärler.

Wakadan üç aý soňra ählihalk referendumynda täze konstitusiýa kabul edilýär. Täze döredilen konstitusion kanunlar ýurduň prezidentine aňrybaş hukuk we güýç berýärdi.

Ýeltsin 1996-njy ýylda ikinji sapar prezidentlik wezipesine saýlanýar. Soňlugy bilen onuň saglyk ýagdaýy erbetleşip başlaýar we Kreml hem yzly-yzyna korrupsiýa dawalary bilen çöküp başlaýar.

Ýeltsin 1999-njy ýylyň Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda,
garaşylmadyk ýagdaýda arzasyny ýazyp, işden çekilýär. Ol, halkyň saýlan prezidenti öz ornuny şol wagtky premýer-ministr Wladimir Putine berýär.

Wladimir Putin bolsa özüniň prezidentlik wezipesinde Orsýeti has hem çaýkap, ýurdy awtoritar režime tarap alyp gidýär.

Boris Ýeltsin 2007-nji ýylda aradan çykdy.

Prezident diwanynyň ozalky başlygy Sergeý Filatow, 30-njy sentýabr, 2013.
Prezident diwanynyň ozalky başlygy Sergeý Filatow, 30-njy sentýabr, 2013.
2003-nji ýylyň oktýabr aýynda prezidentiň iş dolandyryjysy Sergeý Filatow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ors gullugy bilen gürrüňdeşliginde bu krizis barada öz pikirlerini beýan etdi.

“Elbetde şol syýasy oňşuksyzlyk döwründe iň esasy zat – prezident bilen parlamentiň gatnaşygy kesilipdi. Olaryň ikisiniň hem birek-birege bolan ynamy ýitipdi. Has wajyby, ykdysady reformalary amala aşyrmak üçin keseden goşulanlar köp bolupdy.”

“Näsaglan diňe bir Ýeltsin däldi. Biziň hemmämizde Sowet Soýuzynyň imperial düşünjeleri bardy – problemalary kim güýçli bolsa şol has gowy çözer diýlip pikir edilýärdi. Ylalaşyklara we oňuşmaklyga garşy gidilýärdi. Bu kesel Ýeltsinde-de bardy, bu kesel Gorbaçýowda-da bardy, bu kesel biziň hemmämizde-de bardy. Ol ýa-da beýleki bir meseläni güýjüň çözjekdigine bolan ynamymyz tötänleýin bolan zat däl. Biz meseleleri parahatçylykly ýollar bilen çözerden entek has gögeledik.”

“Biz ol döwürlerden sag-aman baş alyp çykdyk we biz bolan zatlardan sapak almalydyk. Ýöne, gynansagam, biz hiç zat öwrenmedik. Soňky geçen ýigrimi ýylyň dowamynda-da biz şol bir ugurda hereket etdik. Ähli hereketler häkimiýetler tarapyndan ulanyldy – barlyşyk edilmedi, halk köpçüliginiň pikir-garaýyşlaryna düşünilmedi. Konstitusiýa laýyklykda döwleti halk üçin goramakda häkimiýetler öz güýçlerini ulanyp bilerler. Ýöne bu mydama gowy bolup durmaýar. Eger biz demokratik döwlete tarap ymtylýan bolsak, onda biz ýurdy dolandyrmagyň ugurlarynda we güýçleriň gatnaşygynda saýlanyp alynýan metodlar babatda käbir zatlary üýtgetmeli.”

Metbugat wekili – Ruslan Hasbulatow

Ykdysadyýetçi Hasbulatowyň asly çeçen bolup, ol Sowet Soýuzynyň synjak döwürlerinde Ýeltsiniň ýakyn ýaranlaryndan biridi. Hasbulatow 1990-njy ýylda halk deputatlygyna saýlanypdy. Ol 1991-nji ýylyň awgustynda geçirilen başa barmadyk hökümet agdarylyşygyna synanyşykda Ýeltsine ýakyndan ýardam beripdi.

Sowet Soýuzy darganyndan soňra Hasbulatow Orsýetiň parlamentiniň (Ýokary Sowetiň) metbugat wekili wezipesine saýlanýar. Ol ýerde Hasbulatow öz güýjüni has hem berkleşdirýär.

Şeýle-de, ol soňabaka, syýasy garaýyşlary sebäpli, Ýeltsin bilen oňuşman başlaýar. Esasy bellärlikli garaýyş bolsa, Ýeltsiniň bazar ykdasydyýetini esas edinmekdäki “şok terapiýasy” diýip atlandyran ýoludy. Bu syýasat agzalýan iki şahsyýetiň arasyna ymykly tow düşürýär.

1993-nji ýylyň sentýabr aýynda Hasbulatow halkyň öňünde prezident barada “arakhor” diýip çykyş edýär we ony wezipesini terk etmäge çagyrýar. Ýeltsin kanunçykaryjylary dargatmak barada karar kabul edensoň, Hasbulatow gozgalaňçy kanunçykaryjylary Ak tamda ýygnanmaga çagyrýar we ol ýerde olar Ýeltsini sud jogapkärçiligine çekmek barada ses berýärler.

Ak tamyň balkonyndan öz tarapdarlaryna ýüzlenmek bilen, Hasbulatow olary Kremli basyp almaga we “jenaýatçy hem-de diýdimzor Ýeltsini” tussag etmäge çagyrýar.

4-nji oktýabrda Ak tam harby güýçler tarapyndan eýeleneden soň, Hasbulatow tussag edilýär. 1994-nji ýylda täze saýlanan parlament, ýagny Döwlet Dumasy oňa we Ýeltsine garşy çykan beýleki liderlere günä geçişlik yglan edýär.

Hasbulatow syýasaty taşlady we häzirki wagtda Moskwada, Orsýetiň Plehanow adyndaky Ykdysadyýet Akademiýasynda ykdysadyýet ugrundan okadýar.

Professor Ruslan Hasbulatow, 24-nji sentýabr, 2013.
Professor Ruslan Hasbulatow, 24-nji sentýabr, 2013.
Ol 1993-nji ýylda bolan waka barada Azatlyk Radiosynyň ors gullugyna şeýle gürrüň berdi:

“Ýokary Geňeş güýçleriň üzňeligi baradaky konsepti girizdi. Ol ýerde Konstitusion Kazyýet bardy, ýagny biziň eminlerden düzülen kazyýetimiz bardy. Bu sistema demokratiki edaralaryň ählisi gatnaşdyrlypdy.”

“21-nji sentýabrda kanun taýdan ähmiýeti bolmadyk jenaýat häsiýetli karara gol goýuldy. Ýöne ondan ozal ýerine ýetiriji häkimiýet şol wagtky bar bolan syýasy sistemany ýykmak baradaky dildüwşigi işläp taýýarlapdy. 21-nji sentaýbrda olar harby güýji ulanmak arkaly şol dildüwşikdäki karary ýerine ýetirdiler.”

“Biziň ýeke-täk çykalgamyz galypdy, ol hem, konsititusiýa laýylykda, prezidentiň kararyny we biziň gelen netijämizi göz öňünde tutup, sud jogapkärçiligine çekmek prosedurasyny başlatmakdy. Size Konstitusion Kazyýetiň gelen netijesini ýatladaýynmy? Häli bu güne çenli kazyýetiň başlygy bolup oturan Waleriý Zorkin Konstitusion Kazyýetde Ýeltsiniň kararynyň bikanundygyny, parlamentiň hem ony sud jogapkärçiligine çekmäge doly hukugynyň bardygyny aýtdy.”

“Ýeltsin we onuň ýaranlary döwlete garşy uly jenaýat işini etdiler. Muny täze parlament derňäp biler. Bize täze bir komissiýa gerek, şu zatlary derňemek üçin. Howlukman derňäp, şu meseläni ýapmaly.”

“Ýeltsin parlamente harbylary iberende, oňa goldaw berdiler, ýöne görýäňizmi, indi biziň nähili konstitusiýamyz bar? Bu diňe bir konstitusiýa däl, bu “artykmaç gowy” konstitusiýa. Ýurtda prezidentden başga hiç kimiň güýji ýok. Ol rugsat bermese, asgyryp-üsgüribem bolanok. Şu zatlaryň hemmesi şol wagt bolan zatlaryň netijesidir.”

Wise-prezident Alekandr Rutskoý Orsýetiň Ak tamyny goraýjylara ýüzlenýär, 3-nji oktýabr, 1993.
Wise-prezident Alekandr Rutskoý Orsýetiň Ak tamyny goraýjylara ýüzlenýär, 3-nji oktýabr, 1993.
Wise-prezident Aleksandr Rutskoý

Aleksandr Rutskoý owgan urşunyň weteranydy. Ýeltsin 1991-nji ýylda Orsýet Sowet respublikasynyň prezidentligine üstünlikli dalaş edeninde, ol Rutskoýy wise-prezident wezipesine dalaşgär edip belläpdi.

Edil Hasbulatow ýaly, Rutskoý hem 1991-nji ýylyň awgust aýynda amala aşyrlyan başa barmadyk hökümet agdarylyşygynda Ýeltsiniň tarapynda çykyş edipdi. Şol bir wagtyň özünde, ol hem Sowet Soýuzy dargansoň Ýeltsin bilen tersleşenleriň hataryna geçýär. Rutskoý aýratynam Ýeltsiniň ykdysady reformalaryny durmuşa geçirmäge baştutanlyk edýän we Ýegor Gaýdar, Anatoliý Çubaýs ýaly ýaş ykdysadyýetçileri öz içine alýan toparyň işlerini tankyt edýärdi.

Rutskoý korrupsiýa garşy göreşýän mejlisiň başlygy hökmünde Ýeltsini we onuň ýaranlaryny aýyplamak üçin ýeterlik maglumatlaryň özünde bardygyny öňe sürýär.

1993-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýeltsin Rutskoýy kanuny esasda Kremldäki iş otagyndan çetleşdirýär we otagynyň gapysyny hem möhürletdirýär. Şondan soň Hasbulatow Rutskoýy parlamente işe alýar.

Ýeltsin parlamenti dargadansoň, gozgalaňçy kanunçykaryjylar oňa garşy sud jogapkärçiligine çekilmegi üçin ses berýärler. Rutskoý hem “ýerine ýetiriji prezident” hökmünde kasam kabul edýär. Soňra 3-nji oktýabrda Rutskoý Hasbulatow bilen Ak tamyň balkonyndan halka ýüzlenip, protestçileri Ostankino kanalyny we şäher häkimligini basyp almaga çagyrýar. Ol Ak tamyň oka tutulmagyna sebäp bolan birnäçe hadysalary meýilleşdirýär.

Rutskoý, Hasbulatow we beýleki gozgalaňçy liderler bilen bir hatarda, halky köpçülikleýin bulagaýçylyklara küşgürmekde günä bildirlip tussag edilýär. Bir ýyldan soň ol ýurtda yglan edilen günä geçişlikde azat edilýär.

Rutskoý “Deržawa” atly milli garaýyşly partiýa döredýär we 1996-njy ýylda Kursk Oblastynyň häkimi wezipesine saýlanýar. 2000-nji ýyla çenli ol şol wezipede işläp, agzalan işinden çykansoň, jemgyýetçilik işini taşlaýar.

Rutskoý bilen Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ors gullugy söhbetdeş bolupdy.

“18 ýyldan bäri bize 1993-nji ýylda bolan wakalar barada ýalan-ýaşryk zatlary aýdyp geldiler. Ýöne soňky iki ýylyň dowamynda hakykat tohumlary miwe berip başlady. Men bu soňky ýagdaýlary iki sebäpden aňry ýanym bilen goldaýaryn. Kimdir birinden ar almak üçin däl, adamlaryň hakykatyň nämedigine göz ýetirmegi we mundan beýläk şeýle ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin goldaýaryn. Sebäbi bu birek – biregi gyrmak üçin edilen söweşdi.”

“Meniň pozisiýam arassa prinsipli pozisiýady. Diýmek, hiç kim meniň Ýeltsini kürsüsinden çetleşdirip, häkimiýete geçjek bolandygymy aýdyp bilmez. Men ýekeje bir zat isledim; edilen ykdysady reformalar “Forbes” žurnalynyň sanawynda orun tutmak üçin edilmeli däldi, halkyň bähbidine amala aşyrylmalydy. Gynansagam, men mamla bolup çykdym – bolan zatlar hususylaşdyrmanyň netijesinde boldy. Halk garyp düşdi we senagat taýdan, oba-hojalyk we harby taýdan güýjümizi ýitirdik.”

“Muňa konstitusion krizis diýýänler bar bolsa, bu asla beýle däl. Ýeltsiniň ähli kanun çykaryjylyk inisiatiwalary Konstitusiýa laýyklykda alnyp barylýardy we Halk deputatlarynyň kongresinde teklip edilip kararlaşdyrylýardy.”

Prezident Boris Ýeltsin (Ç) goranmak ministri Pawel Graçew bilen, Kreml, 23-nji fewarl, 1996.
Prezident Boris Ýeltsin (Ç) goranmak ministri Pawel Graçew bilen, Kreml, 23-nji fewarl, 1996.
Şol döwrüň gahrymanlaryndan ýene biri hem Pawel Graçýow.

Ýeltsiniň Hasbulatow we Rutskoý bilen düşünişmezligi dartgynlyga sebäp bolup başlansoň, bu wakada goşunyň roly has wajyp bolup başlaýar.

Dürli harby wezipelerde işlän goranmak ministri Pawel Graçýow 1990-njy ýylda Sowet Soýuzynyň desantçy goşunlarynyň serkerdebaşysy bolýar. Ol 1991-nji ýylyň awgust aýynda bolup geçen hökümeti agdarmak synanyşygynda Ýeltsiniň tarapynda çykyş edýär. Hatda metbugatda aýdylşyna görä, Graçýowyň Ýeltsine plan barada öňünden duýduryş berenligi hem aýdylýar.

Öz gezeginde Ýeltsin hem ony sylaglaýar. Graçýow Sowet Soýuzy dargansoň, has takygy 1992-nji ýylyň maý aýynda ýurduň goranmak ministri wezipesine bellenilýär.

1993-nji ýylda konstitusion krizis ýüze çykanynda Graçýow ýene-de Ýeltsine öz wepalylygyny görkezip, öz goşunlaryna Ak tamy oka tutmaga buýruk berýär. Şol döwürde ýazgy edilen bir wideoda Graçýowiň öz esgerlerini Orsýeti graždanlyk urşundan halas edendikleri üçin öwüşi görkezilýär.

Ak Tamyň oka tutulmagyndan birnäçe hepde soň Graçýow Ýeltsiniň Howpsuzlyk mejlisine çagyrlyp, “Şahsy batyrgaýlyk” sylagy bilen sylaglanýar.

Ýöne soňky ýyllarda onuň korrupsiýa bilen baglanyşygy öňe sürlüp başlanýar we şol bir wagtyň özünde Graçýowa “Paşa Mersedes” diýip lakam hem dakylýar. “Moskowskiý komsomoles” gazetiniň 27 ýaşly habarçysy Dmitriý Holodowyň sumkasyna mina goýlup öldürlende, Graçýowyň abraýy has hem pese gaçyp başlaýar. Ýaş habarçy goranmak ministrligindäki korrupsiýa barada yzygiderli makala ýazyp başlan ekeni.

Graçýow ýokary wezipede işlän döwründe “söweş topary” diýlip atlandyrylan toparyň hem bir bölegi bolupdy. Agzalýan toparda maslahatçylar bolup, ol toparyň düzüminde prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň başlygy Aleksandr Koržakow, FSB-niň başlygy Mihail Barsukow we premýer-ministriň birinji orunbasary Oleg Soskowets dagy bardy. Olar Ýeltsiniň Çeçenistana heläkçilikli harby operasiýalary amala aşyrmygyna sebäp bolupdylar.

Graçýow 1996-njy ýylyň iýul aýynda, Ýeltsiniň ikinji sapar prezidentlige saýlanmagyndan biraz wagt soň wezipeden çetleşdirilýär. Bu hereketi öz wagtynda Kremliň “kremlçilerden” saplanmagy diýip häsiýetlendirenler hem bolupdy. Ol 2007-nji ýyla çenli Orsýetiň döwlet ýarag eksportçysyna maslahatçy bolup işleýär.

Graçýow 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda, 64 ýaşap aradan çykdy.

Içeri işler ministri Wiktor Ýerin

Ýeltsiniň parlament bilen eden oýnunda harby güýçleriň möhüm ähmiýetiniň bolşy ýaly, polisýanyň oýnan roly hem bellärlikli bolupdy. Içeri işler ministri Wiktor Ýerin ozaldan polisiýa gullugynda işläpdi. Ol hem Owgan urşuna gatnaşypdy, şeýle-de Ýeltsine wepalylygy bilen tanalýardy.

Düşünişmezlik döwrüniň bosagasynda, has takygy 1-nji oktýabrda Ýeltsin ony “general” çini bilen hem-de “Orsýet Federasiýasynyň gahrymany” diýen at bilen sylaglaýar.

Orsýetiň günortasynda ýerleşýän Budýonowsk şäherinde Şamil Basaýewiň ýolbaşçylygyndaky çeçen gozgalaňçylarynyň ele salan zamunlaryny halas etmek boýunça edilen operasiýalar netijesiz bolansoň, Wiktor Ýerin 1995-nji ýylyň iýun aýynda içeri işler ministri wezipesinden boşadylýar. Ol 2000-nji ýyla çenli Orsýetiň Daşary ýurtlar boýunça aňtow gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýär. Şondan soň Ýerin jemgyýetçilik işinde işlemedi.

Janpena Aleksandr Koržakow

Aleksandr Koržakow Ýelstiniň baş janpenasydy. Ol Ýeltsiniň iň ynamdar adamlaryndan biri bolup, olaryň çüýşedeş bolandygy hem aýdylýar.

KGB-niň işgäri bolan Koržakow howpsuzlyk edarasynyň 9-njy bölüminde işe başlaýar. Olara ýokary resmileri goramak işi tabşyrylýar. 1980-nji ýyllarda oňa Ýeltsini goramak işi tabşyrylýar. Şol wagtlar Ýeltsin partiýanyň parlak ýyldyzy bolup, Moskwanyň komunist partiýasynyň birinji sekretary wezipesine, şol bir wagtyň özünde paýtagtyň häkimi wezipesine bellenilýär.

Sowet lideri Mihail Gorbaçýowyň reformalaryny tankyt edendigi üçin Ýeltsin işden çykanynda Koržakow hem onuň yzyna düşüp gidýär. Ýeltsin perestroýka döwrüniň demokratiki hereketiniň öňdebaryjy ýyldyzy bolup başlan döwründe-de Koržakow onuň bilen biledi.

Ýeltsin Kremle geçeninde Koržakow prezidentiň Gorag gullugynyň başlygy wezipesine bellenilýär we perdäniň arkasyndaky täsirli güýje eýe bolýar.

Käbir bilermenleriň aýtmagyna görä, Ýeltsiniň Ak tamy oka tutdurmagyna Koržakow sebäp bolupdyr. 1993-nji ýyldaky krizisden soň onuň täsir güýji has hem köpelýär. Ýeltsiniň 1994-nji ýylda Çeçenistana goşun sürmegine Graçýow bilen Koržakow sebäp bolupdyr hem diýilýär.

1996-njy ýylyň iýul aýynda Koržakow işden boşadylýar. 1997-nji ýylda ol özüniň Kreml ýatlamalary barada “Boris Ýeltsin: Şapakdan daňa çenli” ady bilen kitap çykarýar. Kitapda ol Ýeltsiniň töweregindäki adamlary ýiti tankyt edýär. Koržakow 1997-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli Döwlet Dumasynda deputat bolup işleýär.
XS
SM
MD
LG