Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrantlar saýlawdan çetde galarmy?


Täjik migrantlary, Täjigistan.
Täjik migrantlary, Täjigistan.
6-njy noýabrda Tajigistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň golaýlamagy bilen, potensial dalaşgärler saýlawlara gatnaşmak üçin zerur sesleri toplamakda soňky pursatlardan peýdalanýarlar. Emma bu iş ýurduň daşynda zähmet çekýän iş migrantlary tarapyndan goldanylýan potensial dalaşgärler üçin agyr mesele bolup durýar.

Täjigistanyň ýetip gelýän prezidentlik saýlawlary häzirki awtoritar prezidentiň öz wezipesinde galmagy üçin gurnalýan dabaraly bir çäre boljaga meňzeýär. Oppozisiýanyň agzalary saýlawlara gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolmagyň-da kyndygyny aýdýarlar.

Prezidentlige dalaş edýänleriň resmi derejede dalaşgär hökmünde hasaba durmak üçin müňlerçe ses toplap tabşyrmagyna sanlyja gün galdy. Bu bolsa oppozisiýanyň dalaşgärleri üçin agyr böwetdir.

Gol toplamak

Potensial dalaşgärlere ähli registrasion düzgünleri berjaý etmek, şol sanda 250 müň ses toplamak üçin 25 günlük wagt berildi. Oppozisiýanyň ses toplamakdaky kynçylyklary saýlaw häkimiýetleriniň ýurduň daşynda zähmet çekýän 1.2 million migrantyň gollaryny kabul etmezligi bilen bagly.

Täjigistanyň oppozision “Sosial-demokratik” partiýasynyň lideri Rahmatillo Zoirow migrantlaryň seslerini hasaba almazlygyň hökümet tarapyndan döredilýän agyr päsgelçilikdigini belledi. Zoirowyň sözlerine görä, resmi düzgünlerde görkezilen – sesleri ýurduň içinde toplamak talabyny berjaý etmek oppozisiýa üçin mümkin däl, sebäbi hökümet ähli administratiw gurallara gözegçilik edýär.

Oppozisiýa tarapyndan dalaşgär hökmünde öňe sürlen Oinihol Bobonazarowa “Yslam galkynyş” partiýasyny, “Sosial-demokratik partiýany” we ýene birnäçe toparlarydyr aýry başga aktiwistleri öz içine alýan “Birleşen reformaçy güýçleriň” wekili hökmünde hereket edýär. Ol 3-nji oktýabra çenli diňe 110 müň gol toplap bilipdir.

”Aziýa-Plus” neşiriniň habar bermegine görä, ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Abdumannon Dodoýew iki partiýanyň, ýagny Kommunistik we Demokratik partiýanyň ses toplamak üçin bellenen wagty uzaltmagy sorandyklaryny habar beripdir.

Migrantlaryň saýlaw hukugy

Dodoýew 3-nji oktýabrda geçirilen metbugat konferensiýasynda ýene birnäçe günüň beriljekdigini yglan etdi. Şeýle-de Dodoýewyň sözlerine görä, ýurduň daşynda işleýan migrantlar ses toplamak prosesine gatnaşdyrylmaýan hem bolsa, olar 6-njy noýabrda prezident saýlawyna gatnaşyp, se berip bilerler.

Saýlaw resmileri Orsýetde işleýän täjikleriň hasaba alnan takyk adresleriniň ýokdugyny we olaryň çekýän gollaryny tassyklap bolmaýandygyny aýdýarlar.

Oppozisiýa wekili Zoirow bolsa ”Sosial-demokratik partiýanyň” agzalarynyň 60%- iniň Orsýetde işleýändigini aýdýar we çäklendirmeleriň Täjigistanyň ses bermäge hukugy bolan 4 million ilatynyň uly bölegine täsir ýetirýändigini belleýär.

Orsýetde ýakynda çap edilen resmi maglumatlara görä, Täjigistanyň 18 ýaşyna ýeten raýatlarynyň 1.1 milliony häzirki wagtda Orsýetde ýaşaýar.

Rahmatillo Zoirow “Gazagystanda, Belarusda, Ukrainada we Eýranda işleýänler bilen bilelikde jemi 2 million täjik raýatynyň” öz ýurdunyň daşynda ýaşaýandygyny belleýär.
XS
SM
MD
LG