Sepleriň elýeterliligi

Dubnow: “Olary diri görkeziň!”


Merkezi Aziýa boýunça bilermen, Orsýetiň "Wremýa Nowosteý" neşriniň žurnalisti Arkadiý Dubnow.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, Orsýetiň "Wremýa Nowosteý" neşriniň žurnalisti Arkadiý Dubnow.

Türkmenistanda 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalary bilen baglylykda tussag edilen bendileriň ykbaly boýunça halkara kampaniýa başlandy. Adam hukuklaryny goraýjylaryň “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýasy şu günler Warşawada geçirilýän ÝHHG-niň (OBSE-niň) adam hukuklary boýunça halkara konferensiýasynda öňe sürüldi.

Bu kampaniýa “Graždan raýdaşlygy” we “Crude Accountability” atly halkara guramalaryň guramaçylygynda we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň gatnaşmagynda alnyp barylýar. Kampaniýa gatnaşyjylar mundan on ýyldan gowrak ozal bolup geçen gümürtik wakalar we oňa gatnaşmakda günälenip tussag edilen adamlaryň ykbaly barada türkmen häkimiýetlerinden hasabat soralmagyny we bu ugurda ÝHHG-niň Moskwa mehanizminiň ulanylmagyny talap edýärler.

Azatlyk Radiosy bu inisiatiwa bilen Warşawada çykyş edenleriň biri Arkadiý Dubnow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Arkadiý, bu kampaniýanyň maksady we talaby näme?

Arkadiý Dubnow: “Crude Accountability” atly halkara gurama, Orsýetiň Adam hukuklary boýunça instituty we birnäçe graždan aktiwistler tarapyndan öňe sürlen “Olary diri görkeziň!” atly inisiatiwa görä, ÝHHG-niň mundan on ýyl ozal kabul eden kararyna dolanyp gelmek, ýagny moskwa mehanizmini janlandyrmak talap edilýär.

Azatlyk Radiosy: Arkadiý, ÝHHG-niň Moskwa mehanizmi barada gürrüň berseňiz.

Arkadiý Dubnow: 2002-nji ýylda bolan we Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýlip atlandyrylan wakalarda onlarça adam tussag edilende, halkara jemgyýetçiligi, şol sanda ÝHHG tussag edilenleriň sud işleriniň ýapyk we gümürtik ýagdaýda geçirilmegi zerarly aladalanma bildiripdi. Şonda suduň geçirilişinde kanunlaryň, halkara kadalarynyň ýerine ýetirilişi, tussaglaryň hukuklarynyň berjaý edilişi we olaryň aklawçylar tarapyndan näderejede goralyşy barada habar berilmändi.

2003-nji ýylda ÝHHG-niň kabul eden ”Moskwa mehanizmi” şol wakalary öwrenmek üçin Türkmenistana ýörite toparyň iberilmegini göz öňünde tutupdy. Türkmen häkimiýetleri şonda bu topary ýurda goýbermändi. ÝHHG-niň düzgünlerine laýyklykda, ýörite dokladçy bellenipdi. Dokladçy edilip bellenen professor Deko türkmen häkimiýetlerini berk tankyt edýän hasabaty çap edipdi. Türkmen häkimiýetleri ÝHHG-niň çärelerini äsgermezlige salypdy.

Şondan bäri on ýyl geçdi, emma henizem halkara jemgyýetçiligi şol tussaglaryň ykbaly, olaryň ýagdaýy barada hiç zat bilenok. On ýyldan bäri şol adamlary olaryň garyndaşlary, aklawçylar, “Gyzyl haç” guramasynyň işgärleri, halkara synçylary, asla hiç kim görenok. ÝHHG-niň agzasy bolan ýurtda näme bolup geçýändigi barada ahyrsoňy jogap almak üçin on ýylyň örän uly möhletdigi hemmä düşnükli.

Azatlyk Radiosy: Arkadiý, bu meselede ÝHHG-niň mehanizmleri 10 ýylyň dowamynda professor Dekonyň hasabatyndan başga hiç bir görnüşde ulanylmadymy?

Arkadiý Dubnow: Hawa, ulanylmady, ähli synanyşyklar diwary ýumruklan ýaly boldy. Nyýazowyň ýogalansoň syýasy tussaglaryň ykbaly barada habar berilmegine garaşylypdy, prezident Berdimuhamedow olaryň diridigi barada umytlandyryjy sözläpdi, onuň 2007-nji ýylda Nýu-Ýorkda eden şol çykyşyndan soň alty ýyl geçen hem bolsa, ol edilen tamany ödemedi.

Meniň bu ýerde, Warşawada, öňe sürlen häzirki inisiatiwanyň syýasatdan daşdadygyny belläsim gelýär. “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýa Türkmenistanda syýasy režimiň üýtgedilmegini göz öňünde tutmaýar, režime howp salmaýar, diňe iki sany gumanitar häsiýetli talaby öňe sürýär. Tussaglaryň ykbaly barada habar bermek we ýagdaýy öwrenmek üçin işçi topary Aşgabada goýbermek talap edilýär.

Azatlyk Radiosy: Bu inisiatiwa ÝHHG-niň maslahatynda nähili kabul edildi?

Arkadiý Dubnow: Ol joşgun we minnetdarlyk bilen kabul edildi. Sebäbi bu inisiatiwanyň durmuşa geçirilmegi ÝHHG-niň abraýyny gorap biler. Bu gurama ahlaga degişli prinsipleri hem ölçegleri kesgitlemek we muny öz agzalarynyň berjaý etmegini gazanmak borjuny öz üstüne aldy.

ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň, Norwegiýanyň resmi toparlarynyň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň çykyşlarynda biziň inisiatiwamyzy goldamaga taýýarlyk bildirildi. Bu diňe birinji ädimdir, biz ony dürli derejelerde, şol sanda BMG-de dowam etdirmekçi. Meniň pikirimçe, türkmen häkimiýetleri halkara jemgyýetçiliginiň siwilizlenen agzasy bolup galmak isleýän bolsa, özünden edilýän talaplara jogap bermäge taýýar bolmalydyr.

Azatlyk Radiosy: Arkadiý kampaniýanyň guramaçylary nähili netijelere garaşýarlar?

Arkadiý Dubnow: Guramaçylar tussaglaryň diri görkezilmegine, bu mümkin bolmasa, olardan kimiň dünýäden ötendigi barada açyk habar berilmegine garaşýarlar. Birinjiden, biz türkmen häkimiýetlerini ahlak taýdan arassa bolmaga çagyrmaga synanyşýarys we on ýyldan gowrak wagtlap bihabar bolmagyň tussaglaryň hossarlaryny örän gynaýandygyny düşündirmek isleýäris.

Ikinjiden, tragediýanyň jikme-jik taraplaryny öwrenmek üçin ÝHHG-niň işçi toparynyň Türkmenistana goýberilmegini talap edýäris.
XS
SM
MD
LG