Sepleriň elýeterliligi

Ukrain serhedinde biri özüni partlatdy


Bir adam anna güni irden ukrain serhet geçelgesinde özüni partladyp heläk boldy we iki serhetçini ýaralady.

Ukrainanyň Serhet gullugynyň maglumatyna görä, serhetçiler Baçewsk serhet geçelgesinde Orsýetden Ukraina geçen moldowan belgili miniawtobusy saklapdyrlar.

Ol miniawtobus dört ýolagçyny alyp gelýän eken, emma serhetçiler maşynda gizlenen bäşinji ýolagçyny tapypdylar.

Ol adam serhetçilere rus pasportyny görkezipdir, emma ol onuň özüniňki däl eken.

Ukrain serhetçileriniň geňeşçisi Sergiý Astahow ol adamyň söhbetdeşlik wagtynda bedenenie berkidilen partlaýjyny ýarandygyny aýtdy.

Bu hadysanyň motiwi anyk däl.
XS
SM
MD
LG