Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Soçi häkimiýetlerini tankytlaýar


«Human Rights Watch» Orsýetiň Soçi şäheriniň häkimiýetleriniň köp sanly migrant işçini, hamala migrasiýa, iş düzgünlerini bozmakda aýyplap, agyr şertli tussag merkezlerinde saklandygyny aýdýar.

Hukuk topary ol adamlaryň köpüsiniň daş keşbinden slawýan adamlaryna meňzemeýändikleri üçin nyşana alnana meňzeýändigini aýdýar.

Bu tussag etmeler Orsýetiň Soçi şäherinde 2014-nji ýylda geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna bäş aýdan hem az wagt galanda amala aşyryldy.

Hýuman Raýts Wotçuň wekili Jeýn Buçanan «Soçiniň lowurdap duran täze olimpiýa binalaryny gurmaga kömek eden migrant işçileriň toparlanyp tussaghanalara dykylmagy we deportasiýa edilmegi örän aýyp diýdi.

HRW reýdleriň Krasnodaryň gubernatory Aleksandr Tkaçew 3-nji sentýabrda Soçiniň köçelerini arasslamaga çagyrandan soň başlanandygyny aýdýar.

Buçanan Halkara Olimpiýa komitetini bu hili zatlaryň Olimpiýa şäheri üçin düýpden kabul ederlik däldigini duýdurmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG